Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

GDA-nyň Hemişelik ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

23.04.2025

36

GDA-nyň Hemişelik ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Ýakynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza döwletleriň Hemişelik ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Duşuşyga Ýerine ýetiriji komitetiň başlygy – GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew we onuň orunbasarlary, şeýle hem Arkalaşygyň tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky agza döwletleriň Hemişelik ygtyýarly wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçisi N.Şagulýew türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly kitaby bilen gatnaşyjylary tanyşdyrdy.

«Hakyda göwheri» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynyň çäginde Ilçi täze eserde watançylyk, Watan mukaddesligi, şeýle hem dostlugyň, parahatçylygyň we dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhümdigini görkezýän taryhy wakalara aýratyn üns berilýändigini belledi. Kitapda türkmen halkynyň özara kömek, myhmansöýerlik, agzybirlik, deňlik we adalat ýaly adamkärçilikli däpleri nygtalýar.

«Hakyda göwheri» atly kitapda türkmen halkynyň köp asyrlyk däp-dessurlarynyň dowamlylygyna, medeniýetleriň ählumumy dialogynyň ösmegine goşan goşandyna, şeýle hem oňyn Bitaraplyk syýasaty we dünýä jemgyýetçiliginiň ýurtlary bilen konstruktiw huzmatdaşlygyň çäginde Türkmenistanyň häzirki gazananlaryna aýratyn ähmiýet berilýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024