Aşgabat
Täzelikler
247
Türkmen paýtagtynda mekdep okuwçylaryň II halkara matematika olimpiadasy ýokary guramaçylykly dowam edýär. Bu halkara bäsleşigiň dostlugy, ynanyşmagy, ýaşlar hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda strategik meýdança bolup hyzmat edýändigini buýsançly bellemek gerek. 2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde oňa gatnaşyjy mekdep okuwçylaryň esasy synaglara, ýagny olimpiadanyň şahsy bäsleşigine gatnaşandyklaryny ozal habar beripdik. 24-nji aprelde bolsa wekiliýetleriň ýolbaşçylary tarapyndan olimpiadanyň netijeleri bahalandyryldy. Bu netijeler bäsleşigiň jemleýji gününde yglan ediler.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda halkara derejeli çäreler geçirilende daşary ýurtly myhmanlar üçin ýörite medeni maksatnamanyň taýýarlanylmagy asylly däbe öwrüldi. Şol däbe görä-de, II halkara matematika olimpiadasyna gatnaşyjylar 24-nji aprelde ― günüň birinji ýarymynda Köpetdagyň eteginde ýerleşýän ýurdumyzyň ilkinji zoologiýa toplumyna ― Janly tebigatyň milli muzeýine aýlanyp gördüler. Açyk asmanyň astyndaky bu muzeý myhmanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
Günüň ikinji ýarymynda bolsa olimpiada gatnaşyjy okuwçylar paýtagtymyzyň gelim-gidimli ýerleriniň biri bolan «Arkaç» hem-de «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezlerine gezelenç etdiler. Şunda bäsleşige gatnaşmak üçin müňlerçe kilometrlik ýollary söküp gelen myhmanlaryň her ädimde diýen ýaly aýak çekip, ajaýyp Aşgabadyň gözellikleriniň hiç birini deňinden geçiresleri gelmän, surata düşüşlerini tolgunman synlamak mümkin däl. Olara şeýle gyzykly gezelençleriň ýene-de ençemesi garaşýar.
Halkara matematika olimpiadasyna gatnaşyjylara üstünlikleri arzuw edýäris!
Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024