

Täzelikler
72

Amala aşyrylýan resmi iş saparynyň çäginde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýeti Westminster uniwersitetiniň London şäheriniň Regent köçesindäki binalar toplumyna bardy. Ol ýerde wekiliýeti Westminster uniwersitetiniň Halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň hünärmeni Josef Kute-Kowling garşylady we Westminster uniwersitetiniň okuw binalary, ylmy merkezleri, sport desgalary we alyp barýan işi bilen tanyşdyrdy. Soňra Westminster uniwersitetiniň Demokratiýany öwreniş merkeziniň direktory professor Nitaşa Kaul bilen duşuşyk başlandy. Duşuşykda professor Nitaşa Kaul Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetine çakylygy kabul edip gelendiklerine hoşallygyny beýan etdi we Westminster uniwersitetiniň Demokratiýany öwreniş merkeziniň alyp barýan işleri barada gürrüň berdi. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory M.Kuliýewa hoşniýetli arzuwlary hem-de uniwersitetde mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny beýan etdi we uniwersitetiň alyp barýan işi we ýeten sepgitleri barada gürrüň berdi. Soňra Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy A.Çaryýew uniwersitetiň Halkara hyzmatdaşlygy we daşary ýurtly hyzmatdaş uniwersitetler bilen alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi. Soňra Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Menejment kafedrasynyň uly mugallymy G.Seýilbaýewa uniwersitetiň alyp barýan işleri ylmy işleri hem-de magistratura maksatnamasynyň işi barada maglumat berdi.
Westminster uniwersitetiniň Demokratiýany öwreniş merkeziniň direktory professor Nitaşa Kaul Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň alyp barýan işine ýokary baha berip, hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak boýunça bilelikde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy, durnukly ösüş maksatlary hem-de okatmak işinde täze usulyýetler barada okuw maslahatlaryny we onlaýn sapaklary geçirmekligi teklip etdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin diplomatik ýollaryň üsti bilen degişli işleri alyp barjakdyklary barada ylalaşdylar.
Soňra Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýeti Westminster uniwersitetiniň London şäheriniň Merlibon köçesindäki binalar toplumyna bardy. Ol ýerde wekiliýetiWestminster uniwersitetiniň Halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň hünärmeni Josef Kute-Kowling hem-de Westminster uniwersitetiniň professory Anastasia Bezborodowa garşyladylar we bu binalar toplumynda alnyp barylýan okuw-ylmy we önümçilik işleri bilen tanyşdyrdylar. Mundan başga-da, Westminster uniwersitetiniň kitaphanasy, tehnologiýalar bilen üpjün edilen tejribehanalary görkezildi.
Şeýle-de, Westminster uniwersitetiniň Ýüpek ýoly we özbekleri öwreniş forumynyň direktorynyň orunbasary professor Karen Jekson bilen duşuşyk başlandy. Duşuşykda professor Karen Jekson Ýüpek ýoly we özbekleri öwreniş forumynyň işi hem-de Merkezi Aziýadaky ýokary okuw mekdepleri bilen alnyp barylýan işleri bilen tanyşdyrdy. Soňra Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory M.Kuliýewa uniwersitetiň alyp barýan işi we ýeten sepgitleri barada gürrüň berdi. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy A.Çaryýew uniwersitetiň Halkara hyzmatdaşlygy we daşary ýurtly hyzmatdaş uniwersitetler bilen alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Menejment kafedrasynyň uly mugallymy G.Seýilbaýewa uniwersitetiň alyp barýan işleri ylmy işleri hem-de magistratura maksatnamasynyň işi barada maglumat berdi.
Professor Karen Jekson şeýle saparlaryň taraplaryň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly ädim bolandygyny belläp, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň gysga möhletli okuwlara gatnaşmaga çagyrdy. Okuwlaryň dowamynda talyplara Beýik Britaniýanyň London şäherinde ýerleşýän Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara deňiz guramasyna, dünýäniň öňdebaryjy maliýe kompaniýasy bolan Bloomberg kompaniýasyna hem-de işewürlik, maliýe we ykdysadyýet baradaky täzelikleri çap edýän öňdebaryjy “Financial Times” gazetiniň redaksiýasyna okuw saparlary guramak mümkinçilikleriniň bardygyny belledi. Şeýle-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Işewürlik-dolandyryş ugry boýunça magistratura maksatnamasynyň talyplaryna halkara söwda, dolandyryş hem-de Bütindünýä söwda guramasyna goşulmak baradaky onlaýn okuw sapaklary geçirmekligi teklip etdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin diplomatik ýollaryň üsti bilen degişli işleri alyp barjakdyklary barada ylalaşdylar.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň professor-mugallymlary ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ýaş nesillere dünýä derejesinde bilim almaga, Watanymyzyň halkara abraýyny belende götermäge döredip berýän ähli şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur minnetdarlyk bildirýärler.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti