
Täzelikler
39

Ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ulgamynda halkara gatnaşyklary barha pugtalanýar. Bu gün ähli ýokary okuw mekdepleri daşary ýurt ýokary okuw mekdepleri bilen özara hyzmatdaşlygy ýola goýýarlar. Munuň netijesinde bolsa, ýurdumyzyň ylym-ilim ulgamy günsaýyn özgerýär we kämilleşýär. Şeýle özara hyzmatdaşlygyň çäklerinde, 2026-njy ýylyň aprel aýynyň 17-sine Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa döwlet halkara gatnaşyklary institutynyň Odinsowo bölüminiň Maliýe ykdysadyýeti fakultetiniň “Iňlis dili” kafedrasynyň guramagynda “Дидактика иностранного языка и перевода: спектр инноваций в цифровую эпоху” atly Halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Oňa Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Diller” kafedrasynyň mugallymy Nabat Garryýewa gatnaşyp, “Формирование культурной грамотности — ключевое условие освоения иностранного языка” atly tema bilen çykyş etdi. Şeýle halkara ylmy-amaly maslahatlarynda çykyş edip, pikir alyşmak daşary ýurt dillerini okadýan mugallymlary üçin örän baý we gymmatly tejribe bolup durýar.