
Täzelikler
349

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň (TYA) Himiýa institutynyň direktory, himiýa ylymlarynyň kandidaty Hallymyrat Ataýewe "Russiýada himiýa ylmynyň 275 ýyllygy" atly ýadygärlik medaly we döşe dakylýan nyşany gowşuryldy. Bu barada Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berdi.
Türkmen alymy bu hormatly baýraga 2026-njy ýylyň iýun aýynda Russiýanyň Çernogolowka şäherinde geçirilen "Häzirki zaman himiki fizikasy fizikanyň, himiýanyň we biologiýanyň birleşýän ýerinde" atly halkara ylmy maslahatyň çäklerinde mynasyp boldy.
Bu sylag Hallymyrat Ataýewiň ikitaraplaýyn ylmy-barlag gatnaşyklaryny ösdürmäge, ylalaşykly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de Türkmenistanyň we Russiýanyň Ylymlar akademiýalarynyň arasyndaky başlangyçlary täze derejä çykarmaga goşan uly goşandy üçin berildi. Bilermenler jemgyýeti alymyň köp komponentli ulgamlaryň fiziki-himiki aýratynlyklary, şeýle hem ekstremal temperatura we basyş şertlerinde suwly duz erginleriniň faza ýagdaýlaryny öwrenmek boýunça geçiren ylmy-barlag işlerine ýokary baha berdi.
Bu waka Türkmenistanyň halkara ylmy-barlag giňişligine işjeň goşulyşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şunlukda, M.W. Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersiteti, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy we organiki däl himiýa instituty hem-de Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň degişli ylmy edaralary ýaly dünýäniň öňdebaryjy merkezleri bilen gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegi türkmen hünärmenlerine tejribe alyşmaga we innowasion usullary önümçilige ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleri açýar.
Himiýa institutynyň bellemegine görä, bu baýrak milli ylmy mekdebimiziň dünýä derejesindäki ýokary abraýynyň we tejribesiniň ykrar edilmesidir. Türkmen alymlarynyň gazanýan üstünlikleri ählumumy häsiýetli häzirki zaman ylmy-tehniki meseleleri çözmekde olaryň intellektual kuwwatyna bolan islegiň barha artýandygyny görkezýär.