
Täzelikler
138

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaryň täze taryhy eýýamda üstünliklidurmuşa geçirilmegi tutuş milli ykdysadyýetimiziň, şol sanda onuň her bir pudagynyň ösmegini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün edýär. Şunda Watanymyzyň bilim kuwwatyny şertlendirýän we onuň bu babatdaky ösüşini üpjün edýän ylym-bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi hem-de ösüşi möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň gazylyp alynýan ýerasty baýlyklaryň dürli görnüşlerine we gorlaryna eýe bolmagy himiýa, gazhimiýa, nebitgaz senagatynyň we beýleki pudaklaryň ösüşine uly itergi berýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzda ýangyç-energetika, senagat-önümçilik toplumlary yzygiderli gurulýar, giň möçberli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda zähmet çekýän “Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy we Malaýziýanyň Petronas kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetiniň arasynda birnäçe ýyllaryň dowamynda ylym-bilim ulgamynda özara bähbitli we dostlukly hyzmatdaşlyk dowam edýär.
2024-nji ýylda bu hyzmatdaşlygy dowam etdirmek we onuň gerimini has-da giňeltmek maksady bilen, özara düşünişmek hakynda täze Ähtnama baglaşyldy.
Baglaşylan Ähtnamanyň çäginde geçen ýyllardaky ýaly şu ýylyň 14-nji iýulynda uniwersitetiň talyplar topary we mugallymlary okuw-önümçilik tejribeligini hem-de hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçmek üçin Malaýziýanyň Petronas kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetine okuw saparyna ugradyldy.
2 hepdelik dowam edýän okuw-önümçilik tejribeligi hem-de 1 hepdelik hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary üçin Malaýziýanyň Petronas kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetiniň Ýörite okuw merkezi tarapyndan degişli meýilnama taýýarlanyldy. Meýilnama laýyklykda uniwersitetiň talyplary we mugallymlary degişli ugurlar boýunça täze tehnologiýalary özleşdirmek, sanly tehnologiýalary we emeli aňy önümçilige ornaşdyrmak barada sapaklary geçerler. Şeýle hem Malaýziýanyň Petronas kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetinde okuwlaryň gurnalyşy, okuw tejribehanalary, okuw merkezleri, ylmy-barlag işleriniň alnyp barlyşy we kompaniýanyň önümçilik desgalary bilen ýakyndan tanyşarlar.
Malaýziýanyň Petronas kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetinde geçirilýän okuw-önümçilik tejribeliginiň talyplar üçin uly ähmiýeti bolup, olaryň nazaryýetde alan bilimlerini amaly endikler bilen baýlaşdyrmaklaryna hem-de mugallymlar üçin hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlarynyň öňdebaryjy dünýä tejribesini okuw işlerine yzygiderli ornaşdyrmaklaryna ýardam eder.
Bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak babatdaky taýsyz tagallalary, ýaş nesil hakynda edýän yzygiderli aladalary, döredip berýän mümkinçilikleri, şertleri üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsunlar aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti