Aşgabatda türkmen alabaýynyň taryhy we medeni mirasyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi
Türkmenistanyň paýtagtynda türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçirilen halkara ylmy maslahatda milli itçilik däpleriniň taryhy, medeni ähmiýeti we häzirki ösüş ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 23-nji oktýabrda S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geçirilen «Türkmen alabaýynyň we tazysynyň ýetişdirilmegi: taryhy, medeniýeti we sungaty» atly VI halkara ylmy maslahat bu ugurda işleýän alymlary, hünärmenleri we ýaş gözlegçileri bir ýere jemledi. Bu barada ýokary okuw jaýynyň resmi saýtynda habar berildi.
Çärä gatnaşyjylar ilki bilen uniwersitetiň medeniýet merkezinde guralan sergi bilen tanyşdylar. Onda türkmen halkynyň milli buýsanjy hasaplanýan alabaý we tazy itlerine bagyşlanan kitaplar, sungat eserleri, milli gymmatlyklar hem-de olaryň taryhy bilen bagly maglumatlar görkezildi.
Maslahatyň işine Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag maldarçylyk we weterinariýa institutynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet edaralarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, kinologlar, ussat itşynaslar hem-de talyp ýaşlar gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda türkmen alabaýynyň aýratyn häsiýetleri, ony ösdürip ýetişdirmek boýunça tejribe, türkmen tazysynyň taryhy, alabaýlaryň atlandyrylyşy, olaryň şekillendiriş sungatynda, halyçylykda we arheologik tapyndylarda şöhlelenişi barada çykyşlar diňlenildi.
Gatnaşyjylar türkmen alabaýynyň diňe bir ygtybarly goragçy we wepaly dost hökmünde däl, eýsem halkyň asyrlar dowamynda kemala getiren medeni mirasynyň möhüm bölegi hökmünde ähmiýetini bellediler. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda hem-de hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň buýsanjy» atly şygrynda bu milli gymmatlyga aýratyn sarpa goýulýandygy nygtaldy.
Maslahatda türkmen itşynaslyk sungatyny ylmy esasda öwrenmek, alabaýlaryň taryhy we genetiki aýratynlyklary boýunça alnyp barylýan barlaglar, şeýle hem bu ugurda täze maglumatlary toplamak meselelerine aýratyn üns berildi. Çäräniň ahyrynda türkmen alabaýlarynyň halkara derejesindäki abraýyny has-da ýokarlandyrmak ugrunda alnyp barylýan işleriň ähmiýeti bellenildi.



















