Dabaraly maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary Welaýat komitetiniň bilelikde guramagynda «Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – Bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlanan «Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistanyň şan-şöhraty dünýä ýaýylýar» atly dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň ähmiýeti, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň halkara derejesinde ykrar edilmegi, ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki abraýynyň barha belende galmagy hem-de türkmen halkynyň gazanýan üstünlikleri barada giňişleýin gürrüň edildi.Çykyşlarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarda gazanýan üstünlikleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek hem-de milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamak meselelerine aýratyn üns berildi. Maslahatyň dowamynda talyp ýaşlara ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde gazanylýan netijeler, şeýle hem Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligindäki ornunyň barha pugtalanmagy barada giňişleýin düşündirişler berildi. Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy hem-de ýurdumyzda parahatçylygyň, agzybirligiň we bagtyýar durmuşynyň mundan beýläk-de rowaç bolmagy arzuw edildi. Şeýle-de, Hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwletli işlerinde uly üstünlikler arzuw edildi.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty



















