“Ulgamlaryň arkasynda näme bar? Torlar, loglar we hüjümleriň yzy” atly okuw sapagy geçirildi
2026-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda Ýaşlar barada Döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyny” ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda 2026-njy ýylyň noýabr aýynda ýerine ýetiriljek çäreleriň meýilnamasy esasynda jemgyýetçilik guramalary hem-de Maglumat tehnologiýalary kafedrasy tarapyndan “Ulgamlaryň arkasynda näme bar? Torlar, loglar we hüjümleriň yzy” atly okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagynyň dowamynda maglumat tehnologiýalary ulgamynda torlaryň işleýiş aýratynlyklary, log ýazgylarynyň ähmiýeti, kompýuter ulgamlarynda bolup geçýän dürli hereketleri yzarlamak we seljermek usullary barada giňişleýin maglumatlar berildi. Ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, täze tehnologiýalary öwrenmegi we kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri hem-de ýaşlar baradaky aladalary üçin Hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözleri beýan edildi.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty



















