“Sanly başarnyklar we täze programmalar” atly amaly-okuw maslahaty gecirildi
2026-njy ýylyň 26-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyndaTürkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda Ýaşlar barada Döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyny” ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda 2026-njy ýylyň noýabr aýynda ýerine ýetiriljek çäreleriň meýilnamasy boýunça “Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary” kafedrasynyň guramagynda “Sanly başarnyklar we täze programmalar” atly amaly-okuw maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda häzirki zaman kompýuter tehnologiýalarynyň ösüşi, sanly başarnyklaryň häzirki döwürde ähmiýeti, täze programma üpjünçilikleriniň mümkinçilikleri we olaryň dürli ugurlarda ulanylyşy barada giňişleýin maglumatlar berildi. Şeýle çäreleriň geçirilmegi ýaşlaryň sanly başarnyklaryny ösdürmekde, olaryň döwrebap bilimleri özleşdirmegine we hünär taýýarlygyny kämilleşdirmegine uly ähmiýet berýär. Çäräniň ahyrynda Türkmenistahnyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy hem-de ýurdumyzda parahatçylygyň, agzybirligiň we bagtyýar durmuşynyň mundan beýläk-de rowaç bolmagy arzuw edildi. Şeýle-de Hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwletli işlerinde uly üstinlikler arzuw edildi.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty



















