«Kitap – ýaşlaryň göwün syrdaşy» atly bäsleşigi geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyndan» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň çuň many-mazmuny açyp görkezmek we Gaşsyzlygymyz hakyndaky aýdan taglymatlaryny talyp ýaşlaryň aňyna ornaşdyrmak, talyplaryň peýdaly endikleri özleşdirmegini gazanmak, olarda kitap okamak we beýleki peýdaly endikleri terbiýelemek, ýaşlarda kitaba bolan söýgüni döretmek, olary kitaphanalara giňden çekmek hem-de zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady «Kitap – ýaşlaryň göwün syrdaşy» atly bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almagy, hünär eýesi bolmagy, zähmet çekmegi, zehinlerini açyp görkezmekleri, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmelere öz mynasyp goşantlaryny goşmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.
«Kitap – ýaşlaryň göwün syrdaşy» atly bäsleşigi geçirildi



















