Synaglar üstünlikli geçirilýär
Arkadag şäheriniň gözel künjeginde ýerleşýän 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumy şu günler özüniň taryhy we iň jogapkärli döwürleriniň birini başdan geçirýär. Mekdebe çenli we orta bilim bölümlerini öz içine alýan toplumymyzda 2025 — 2026-njy okuw ýylynyň tamamlanmagy bilen, uly durmuş ýoluna gadam basýan uçurymlarymyzyň jemleýji döwlet synaglary guramaçylykly dowam edýär.
Şu okuw ýylynda toplumymyz boýunça jemi 64 sany uçurym synplaryň 2-si boýunça mekdebi tamamlaýar. Häzirki wagtda olar öz bilimlerini we başarnyklaryny subut etmek üçin jemi 5 ders boýunça döwlet synagyny tabşyrýarlar. Toplumymyzda ýaşlaryň diňe bir ylmy bilimleri däl, eýsem, durmuş we zähmet endiklerini hem kämil ele almagyna uly üns berilýär. Munuň aýdyň subudy hökmünde okuwçylarymyzyň birinji synagy hünär okuwy dersinden boldy. Biz gyzlar üçin halkymyzyň milli buýsanjy bolan halyçylyk, oglanlar üçin bolsa Arkadag şäheriniň gözel tebigatyna ajaýyp goşant boljak bagbançylyk we gülçülik hünärlerini saýladyk.
Mundan başga-da, uçurymlar ene dili we edebiýat dersinden düzme, algebra we analiziň başlangyçlary dersinden synagy üstünlikli tabşyrdylar. şeýle hem şu gün jemgyýeti öwreniş dersinden synaglary üstünlikli tabşyrarlar. Bäşinji synag bolsa okuwçylaryň saýlan ugurlaryna baglylykda geçirilýär. Tebigy bilimler ugruny saýlan synpymyzyň okuwçylary biologiýa dersinden, ynsanperwerlik-durmuş bilimleri ugruny saýlan synpymyzyň okuwçylary bolsa, Türkmenistanyň taryhy dersinden öz bilim derejelerini görkezerler.
Okuw ýylynyň jemleri diňe bir synaglar bilen däl, eýsem, okuwçylarymyzyň ýokary görkezijileri bilen hem dabaralandy. Toplumymyzyň 12-nji synp okuwçylary «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň Arkadag şäher tapgyrynda uly üstünlik gazanyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Olardan Patma Saparowa türkmen dili dersinden 1-nji orna, Akgül Atdakowa geografiýa dersinden 2-nji orna, Ülker Çaryýewa biologiýa dersinden 3-nji orna, Pena Wepaýew matematika dersinden 3-nji orna mynasyp boldular.
Biz hem, öz gezegimizde, ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris. Uçurymlarymyza bolsa ak ýol we saýlap alan hünärlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris.
Agamyrat HOJABERDIÝEW,
Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň müdiri.



















