Şa serpaýyňyz gutly bolsun, eziz ildeşler!
25-nji sentýabrda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň gülläp ösüşine mynasyp goşantlaryny goşan ildeşlerimize döwlet sylaglaryny gowşurmak we hormatly atlary dakmak dabarasy geçirildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurt Garaşsyzlygymyzyň toýy uludan toýlanýar. Garaşsyzlygymyzyň toýunyň giňden toýlanylýan günlerinde hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolan dürli kärde zähmet çekýän ildeşlerimiziň köňül buýsançlaryny paýlaşmak uly mertebedir. Biz hem döwlet sylaglaryna mynasyp bolan bilim işgärleriniň käbirleriniň ýürek buýsançlaryny gazetiň okyjylaryna ýetirmegi makul bildik.
Güljahan SAPAROWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy:

— Diýarymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda syýasy, ykdysady, medeni babatda beýik özgertmelere beslenýär. Bu amala aşyrylýan beýik işler ýurdumyzyň her bir raýatyny diýseň begendirýär. Bu işler hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesiniň durmuşa geçýänligine doly şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiziň döredijilik işgärlerini edebiýat, sungat, medeniýet we höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan eden Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi bolmak bagty maňa-da miýesser etdi. Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň Şa serpaýy meni mundan beýläk-de mukaddes we jogapkärli kärde has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Ata Watanymyza şan getirmek, onuň ösüşiň aýdyň ýoly bilen öňe gitmegine goşant goşmak biziň watançylyk borjumyzdyr. Şol borjy geljekde-de abraý bilen ödemäge çalşarys.
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip, sylaglananlaryň hatarynda meniň hem adymyň tutulmagy kalbymy täze ýeňişlere galkyndyrdy. Häzirki ajaýyp döwürde ýaş nesliň çuňňur bilim alyp, Watanymyz üçin gerekli hünärmenler, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri üçin yzygiderli aladalanýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!
Taýýarlan Bagty ÖDEGULYÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».



















