Türkmeniň uçar ganaty
Bedew hakynda beýan etmek, sözlemek aýratyn täsirlidir. Bedew hakynda söz sözlesek, ilkinji nobatda, Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Türkmeniň buýsanjy» atly goşgusy kalbymyza dolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen halkynyň buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň waspyny ajaýyp goşgy setirlerinde wasp edýär. Munuň özi ähli ildeşlerimizi buýsandyrdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Hut şonuň netijesinde hem behişdi bedewlerimiziň ýurdumyzdaky we halkara derejesindäki abraýy gün-günden ýokarlanýar. «Türkmeniň buýsanjy» atly ajaýyp goşgusynda hormatly Prezidentimiz halkymyzyň milli guwanjy bolan bedewleriň waspyny belentden beýan edýär. Halkymyz bedewler hakyndaky parasatly sözlere uly hormat bilen garaýar. Bedewler halkymyzyň uçar ganatydyr, köňül buýsanjydyr.
Halkyň durmuşynda çuňňur orun alan ahalteke atlarynda oňat häsiýetler, gaýtalanmajak gözellik jemlenendir. Şonuň üçin hem halkymyzyň dilinde bedewlere degişli paýhasly sözler bardyr. Türkmen halky bedew aty ýetişdirmekde, olary seýislemekde örän ussat bolupdyr. Olar atlary seýislemegi sungat derejesine ýetiripdirler. Goja taryhyň sahypalaryna ser salsak, türkmen bedewleri dogrusynda juda gyzykly maglumatlar berilýär. Türkmen halky uzak ýyllaryň dowamynda özüniň ýoldaşy hasaplaýan bedew atlaryna bagyşlap rowaýatlary, nakyllary, matallary, aýdymlary döredip gelipdir.
Türkmen halky bedew atyny özboluşly söýgi bilen ezizleýär. Halkymyz bu söýgini öz perzentlerine sallançakda wagty hüwdüler arkaly siňdiripdir. Öz oglunyň batyr, edermen, mert, halkyna wepaly ýigit bolup ýetişmegini arzuw edýän eneler özleriniň umyt-arzuwlaryny hüwdi setirlerine siňdiripdirler. Ýagşy umyt-arzuwly ene hüwdüsinden gulagy ganan çagalar durmuşda bedew atyň ähmiýetiniň uludygyna göz ýetiripdirler. Görşümiz ýaly, bedewler bilen baglanyşykly belent waspa, paýhasly sözlere türkmen halky örän uly üns beripdir. Häzirki ajaýyp döwrümizde şeýle asylly ýörelgeler mynasyp dowam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bedewlerimiziň şan-şöhraty dünýäde has-da belent derejelere eýe bolýar.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda türkmen bedewiniň ykbaly has-da rowaçlanýar. Ýyndamlykda, owadanlykda, duýgurlykda deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleriniň şöhraty has-da dünýä ýaýylýar. Bedew atlar türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, halk arasynda olaryň wepalylygy, adama mahsus häsiýetleri, gözelligi barada rowaýatlar döredilipdir, aýdymlar düzülipdir. Türkmen atçylyk sungatyny has-da ösdürmäge, ata-babalarymyzyň gymmatly mirasyny dikeltmäge, ony gorap saklamaga, geljek nesillere ýetirmäge gönükdirilen işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Edebiýatda we sungatda türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen bedew aty wasp etmegiň iň gowy däpleri ösdürilýär. Ahalteke bedewi özüniň owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy, duýgurlygy bilen asyrlaryň jümmüşinden aşyp, dünýäde uly şöhrata eýe bolmagy başardy, onuň meşhurlygy gün-günden artýar.
Ogulgözel MÄMMETDURDYÝEWA,
Mary şäherindäki 14-nji orta mekdebiň müdiri.



















