Röwşen geljegimiziň binýady
Ýaş nesliň terbiýesi röwşen geljegimiziň binýadydyr. Bu günki ýaş nesil ertirki bilimli hünärmendir. Hut şu nukdaýnazardan hem ýaş nesilleriň terbiýesine, bilimine uly üns berilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýaş nesilleriň ylym-bilim öwrenmekleri, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Milli terbiýe mekdebi hakynda söhbet edeniňde, ata-babalarymyzyň asylly ýörelgesi hakydaňa dolýar. Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagynda şeýle belleýär: «Biz pederlerimiziň «Akylyň bahasy bolmaz, terbiýäniň — çägi» diýen pähiminden ugur alyp, nesil terbiýesine aýratyn üns berýäris. Nesillerimiziň bagtyýar ýaşamagy, hakyky watançy, ilhalar, päk ahlakly, merdana we halal adamlar bolup ýetişmekleri biziň baş maksadymyzdyr». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşy terbiýe mekdebinden gözbaş alýar.
Nesil terbiýesinde nakyllaryň hem örän uly orny bardyr. Çünki ýaşlara ata-babalarymyzyň döreden pähimlerini öwretmek, olaryň many-mazmunyny düşündirmek esasy ýörelgeleriň biridir. Nakyllar halkyň durmuş tejribesinden toplan, söz baýlyklary bilen beýan eden pähimleridir. Bu pähimler ynsanyň durmuşynda çelgi bolup, ony ýagşylyga, oňatlyga ugrukdyrýar. Şonuň üçin hem olary ylmy nukdaýnazardan öwrenmek, many-mazmunyny wagyz etmek şu günüň we geljegiň uly işleriniň biridir. Şu nukdaýnazardan hem alymlar olary durmuş pelsepesi, many-mazmuny boýunça bölüp, has-da içgin öwrenýärler. Çünki bu ugur nakyllara has-da oňat düşünmäge ýardam edýär.
Gahryman Arkadagymyz şeýle belleýär: «Ata-babalarymyzyň akyl-paýhasyndan dörän milli mirasymyz asyrlaryň synagyndan geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Nakyllardyr atalar sözi, hüwdüler, tymsallar halkymyzyň baý taryhyndan habar berýär». Ýaşlary ylym-bilimli edip terbiýelemekde hem nakyllaryň orny uly. Çünki nakyllarda kitap okamak, ylym-bilim öwrenmek bilen bagly gymmatly pikirler beýan edilýär. Kitapdan ylym-bilim we hünär öwütleri barada şu nakyllary belläp geçesimiz gelýär: «Akyl — ylmyň hyrydary», «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat», «Bilmedigini soran — alym, soramadyk özüne — zalym», «Bilmeýän zadyňy kitapdan sora», «Goýun bakan çöl tapar, ylym okan ýol tapar», «Kitap okan magnydan dok», «Ylym almak — iňňe bilen guýy gazmak», «Ylym köp, ömür az, geregiňi al — daşa ýaz», «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň». Ynha, bu nakyllaryň ählisi pähim-paýhas mekdebidir. Şonuň üçin hem bu nakyllar ýaş nesilleriň terbiýesi üçin has-da peýdalydyr. Sebäbi diýseň, ata-babalarymyz hem nakyllaryň üsti bilen ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdiripdirler. Pendi-nesihatyň we asylly göreldäniň terbiýesini gören nesiller bolsa, edep-ekramly, ylym-bilimli, Watany söýýän nesiller bolup ýetişipdirler. Şonuň üçin hem nakyllar çuňňur paýhasa ýugrulyp, nesilleriň terbiýesinde aýratyn ähmiýete eýedir.
Häzirki ajaýyp döwrümizde ata-babalarymyzyň gymmatly mirasyny ylmy taýdan öwrenmäge, wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýle giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýaş nesillerimizi milli ruhda terbiýelemek biziň her birimiziň asylly ýörelgämizdir.
Aýjeren GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň mugallymy.



















