Bilimli nesil — Watanyň kuwwaty
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, zehin-başarnyklaryny ösdürmegi, ruhy-ahlak taýdan kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler her birimizi buýsandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, 2-nji sentýabrda Milli Liderimiziň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy okuw sapagy möhüm ähmiýete eýedir.
Türkmen halkynyň milli terbiýe ýörelgelerinde edep-ekramlylyk, ula hormat, kiçä sarpa, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik we Watana wepalylyk ýaly häsiýetlere aýratyn orun berilýär. Pederlerimiz bu gymmatlyklary asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçirip, ýaşlaryň terbiýesinde maşgala bilen jemgyýetiň özara baglanyşygyna uly ähmiýet beripdirler. Şoňa görä-de, Milli Liderimiziň çykyşynda ýurdumyzyň ösüşleri, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty, ýaşlaryň jemgyýetdäki orny, olaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlary bilen bagly möhüm garaýyşlar beýan edildi.
Gahryman Arkadagymyzyň: «Mugallym okuwçylaryň durmuşynda yz galdyrýan halypadyr. Şoňa görä-de, mugallym hemişe öz bilimini artdyrmaga çalyşmalydyr. Döwrüň talaplaryna laýyk täze usullary öwrenip, hünär derejesini kämilleşdirmelidir» diýen sözlerinden ugur alyp, biz — mugallymlar okuwçylaryň bilim derejesini artdyrmaga, olaryň özbaşdak öwrenmäge bolan höwesini goldamaga möhüm ähmiýet berýäris. Çünki bilim-terbiýe ulgamynda öňde goýulýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, ilkinji nobatda, mugallymyň hünär ussatlygyna, şahsy göreldesine hem-de ýaş nesliň geljegine bolan jogapkärçilikli garaýşyna baglydyr.
Ýurdumyzda parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler ýaş nesliň dünýägaraýşynyň giňelmegine ýardam berýär. Bu gymmatlyklary ýaşlaryň aňyna ýetirmek, olary ynsanperwerlik, özara hormat we hoşniýetlilik ruhunda terbiýelemek mugallymlaryň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridir. Bu babatda Milli Liderimiziň umumy okuw sapagy her birimiz üçin binýatlyk taglymatdyr.
Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň geçiren umumy okuw sapagynda beýan edilen garaýyşlar, watançylyk sargytlary ýaşlaryň kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmeginiň möhüm şertleridir. Goý, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň ösüşine, ýaş nesliň bagtyýar geljegine gönükdirilen beýik işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Gülnaza MOLLAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy.



















