Milli buýsanç — hakyda mekdebi
Şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň» tassyklanylmagy ýaşlar hakdaky aladanyň döwlet derejesinde üns merkezinde saklanýandygyny ýene bir ýola bütin aýdyňlygy bilen tassyklady. Çünki bilimli, döwrebap düşünjeli, döredijilikli hem-de Watana wepaly şahsyýetleri kemala getirmek geljegimiziň abadanlygynyň baş şerti bolup, munuň özi Döwlet maksatnamasynda öňde durýan esasy maksatlaryň biri hökmünde kesgitlenýär.
Beýik maksatlaryň, nusgalyk işleriň ählisi Watana bolan söýgüden gözbaş alýar. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 2-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky çykyşynda: «Islendik adamyň Watana söýgüsi adaty, sagdyn duýgudyr. Ýaş adam üçin bolsa bu aýratyn many-mazmuna eýedir. Sebäbi hut şol ýyllar onda Watana bolan söýgi, ýurduna bolan buýsanç duýgusy kemala gelýär. Watana wepaly, mynasyp hyzmat etmelidigine akyl ýetirýär» diýip bellemegi, şeýle hem «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde göz öňünde tutulýan işler bilim işgärleriniň — mugallymlardyr terbiýeçileriň öňünde täze wezipeleri goýýar. Çünki her bir ýaş ynsanda watansöýüjilik duýgusyny ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, milli buýsanç duýgusyny kemala getirmeli.
Milli buýsanç öz halkyň taryhyna, medeniýetine, diline, däp-dessurlaryna, özboluşly milli gymmatlyklaryna we gazanýan üstünliklerine çuňňur söýgüdir, çyn ýürekden hormat goýmakdyr, olara buýsanmakdyr. Milli buýsanç şahsyýeti öz döwletiniň ösüşlerine goşant goşmaga höweslendirýän päkize duýgudyr, hakyda mekdebidir. Pedagogik nukdaýnazardan ugur alnanda, şahsyýetiň milli buýsanç — milli dahyllylyk ruhunda terbiýelenmegi çagalykda maşgala terbiýesinden, ene dilimize söýgi döretmekden gözbaş alyp, bütin ömrüniň dowamynda, has takygy, okuw-terbiýeçilik işinde, medeni-jemgyýetçilik gurşawda kämilleşýär.
Hormatly Arkadagymyz: «Maşgalada adam şahsyýet hökmünde kemala gelýär, birek-biregi hormatlamagy, söýmegi öwrenýär» diýip nygtaýar. Dogrudan-da, maşgala jemgyýetiň ilkinji hem iň möhüm agzasy hasaplanýar. Ynsan terbiýesi, ahlak ugrukmasy, elbetde, maşgalada ata-enäniň göreldesinden gaýdýar. Hususan-da, maşgalada ene dilinde eşidýän ilkinji sözleri — hüwdülerdir ertekiler, matallardyr ýaňyltmaçlar arkaly ene dili çaganyň aňyna-ruhuna ornaşýar. Ylmy edebiýatlarda her bir diliň özboluşly dünýä şekilini we filosofik gözýetimi döredýändigi, adamyň haýsy dilde pikirlense, dünýäni hem-de daş-töweregindäki wakalary şol diliň medeni-ruhy çäklerinde kabul edýändigi tekrarlanýar. Diýmek, ene dili arkaly çaga öz milletiniň ahlak duýgularyny, edep kadalaryny, pähim-parasadyny, psihologiýasyny, medeniýetini kabul edip alýar. Bu ruhy-medeni baýlyk geljekki şahsyýetiň ruhy dünýäsiniň, milli buýsanjynyň, ahlakly özüni alyp baryş nusgasynyň hamyrmaýasy hökmünde çykyş edýär. Şeýle-de çagada «men» däl-de, «biz» ýörelgesine esaslanýan jemgyýetçilik aňy döreýär. Şol bir dilde sözleşýän adamlar özara ruhy hem-de medeni umumylygy duýýarlar. Bu umumylyk milli buýsanç duýgusynyň aýdyň ýüze çykmasydyr. Şu jähetden, Milli Liderimiz: «Türkmen dili döwlet dilidir! Türkmen dili dünýäniň iň gadymy, baý we şirin dilleriniň biridir! Dilimize sarpa goýuň!», «Daşary ýurt dillerini öwreniň! Daşary ýurt edebiýatyny öwreniň! Dil siziň dünýädäki dostlaryňyzyň sanyny artdyrar» diýip belleýär. Türkmen dilinde — ene dilimizde sözlemek, onuň sarpasyny belentde tutmak bilen milli dahyllylygymyza çyn ýürekden buýsanýan bolsak, daşary ýurt dillerini öwrenmek arkaly beýleki medeniýetlere hormaty kemala getirmäge mümkinçilik alýarys, dünýägaraýşymyzy giňeldýäris. Bu bolsa çagada dostluk, ynsanperwerlik, ynanyşmak ýaly belent adamkärçilik sypatlarynyň terbiýelenmegine ýardam edýär. Şol sanda maşgalada berjaý edilýän milli dessurlar, maşgala däpleri, ula hormat goýmak, kiçini söýmek, myhmansöýerlik, zähmetsöýerlik ýaly ahlak kadalary geljekki şahsyýetiň kalbynda milli aňyň gol-pudak ýaýratmagynda aýgytlaýjy orny eýeleýär.
Körpäniň mekdebe gadam basmagy bilen milli buýsanç — milli dahyllylyk duýgusy ulgamlaýyn hem-de aňly derejede ösdürilýär. Şunda halk pedagogikasynyň ornunyň biçak uludygyny nygtamalydyrys. Halk pedagogikasy maşgalanyň, halkyň, milletiň pedagogik tejribesini, ozaldan gelýän gymmatlyklar ulgamyny, onuň ahlak-gözellik esaslaryny özünde jemleýär. Mekdepde degişli dersleriň üsti bilen halk döredijilik eserleriniň, däp-dessurlaryň, arheologik mirasyň, milli oýunlaryň öwredilmegi, ähmiýetiniň düşündirilmegi okuwçyda kemala gelýän milli aňy täze basgançaga çykýar. Şeýle hem türkmen halkynyň şöhratly geçmişini, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy ýaly beýik danalarymyzyň, edermen serkerdelerimiziň ömür ýoluny, mirasyny öwrenmek arkaly geljekki şahsyýetiň öz halkyna bolan hormaty-guwanjy artýar. Şeýdip, taryhy hakyda nesillerden-nesillere geçýär, asyrlardan-asyrlara uzaýar.
Islendik halkyň medeni derejesi şol halkyň aň kämilligini, şeýle-de milli özboluşlylygyny kesgitleýän şertleriň biridir. Türkmen medeniýetiniň kökleri müňýyllyklara uzamak, halkymyzyň paýhas goruny, durmuş tejribesini, estetiki-gözellik dünýäduýşuny özüne siňdiripdir. Şoňa görä-de, milli medeni mirasymyzyň gymmatlyklary — milli saz gurallary, muzeý gymmatlyklary, dokmaçylyk sungaty we beýlekiler ýaşlarymyza watançylyk terbiýesini bermegiň gymmatly çeşmeleridir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda şanly seneler, milli baýramçylyklar mynasybetli guralýan dabaralardyr çäreler ýaş nesillerimizde «Biz bir halk, agzybir jemgyýet» diýen jemgyýetçilik pikirini, şol sanda jebislik, ýoldaşlyk, raýdaşlyk häsiýetlerini ösdürýär. Görnüşi ýaly, medeni gurşaw syýasy-jemgyýetçilik aňy kemala getirmegiň möhüm guralydyr.
Jemläp aýdanyňda, ata Watanymyza wepaly, ynsanperwer, giň dünýägaraýyşly nesilleri — ertirimiziň eýelerini sazlaşykly ösen şahsyýetler edip kemala getirmek bilim işgärleriniň öňünde durýan esasy wezipe bolup, munuň üçin olarda milli köklerimize söýgini, buýsanç duýgusyny kemala getirmek, mekdep — maşgala — jemgyýet baglanyşygyny has-da berkitmek pedagogik zerurlykdyr. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, milli buýsanç nesil terbiýesi üçin giň mümkinçilikleri açýan gymmatlykdyr.
Kakajan ÇARYÝAROW,
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň pedagogika we psihologiýa mugallymy.



















