«Ene tebigat» atly halkara sergisi açyldy
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň bilelikde gurnamagynda «Mama Mother Nature» (Ene tebigat) atly halkara sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu dabara iki dostlukly döwletleriň döredijilik eserleriniň halkara sergisine bagyşlanýar.
Bu gurama özüniň ilkinji gezek 2024-nji ýylyň noýabrynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde sergisini açyp, dostlykly döwletleriniň suratkeşlik gatnaşyklarynyň has-da berkemegine ýardam berdi. Soňra 2025-nji ýylyň maýynda Italiýanyň Rim şäherinde we ýene-de iýun aýynda Beýik Britaniýanyň London şäherinde açdylar. Sergä Özbegistan, Pakistan, Amerika, Ispaniýa, Bahreýin patyşalygy hem-de Nigeriýa ýaly döwletlerinden wekiller gatnaşdylar. Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň ýolbaşçysy Leýla Aliýewa IDEA jemgyýetçilik guramasynyň düýbüni tutujysy we esaslandyryjysy bolup durýar. Şunuň ýaly halkara serginiň guralmagy dostlukly döwletleriň özara gatnaşyklarynyň has-da berkemegine itergi berýär. Açylan sergide dürli döredijilik eserleri bilen giňden tanşylyp, çäräniň çäginde türkmen halkynyň milliligini açyp görkezýän türkmen zenanlarynyň üme dessury, türkmen zenanynyň sallançakdaky çagasyny üwräp hüwdi aýtýan pursatlaryna, şeýle hem Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň çagalar suratkeşler toparynyň surat çekýän pursatyna syn edildi. Halkara sergä gatnaşan hormatly myhmanlaryň täze sungat eserlerinden ruhlanmagyna itergi berdi. Sergide Azerbaýjandan Leýla Aliýewanyň «Ömrüň jadyly mukaddes käsesi», Nargiz Guliýewanyň «Gije» we Hamida Malikiň «Gün», Braziliýadan Nina Pandolfonyň «Gyzjagaz bilen balyk», Gruziýadan Barbara Aslamaziniň «Aýal güýji tutuş güýç», Bahreýn Patyşalygy Raşid Al Halifanyň «Nil derýasyny kesip geçiş», Gresiýadan Nikos Giftakisiň «Üznüksiz özgeriş», Günorta Koreýadan Heesun Kimiň «Gözbaşy», Serbiýadan Gala Sakynyň «Men uçup bilýärin», Horwatiýadan Sanja Pribikiň «Durmuş agajy», Ukrainadan Anael Sunnynyň «Asudalygyň damjasy», Germaniýadan Nikolaý Makarowyň «Atsyz», Şwesiýadan Elizabet Tollyň «Enelik» ýaly suratkeşleriň eserleri görkezildi. Suratkeşleriň içinde Abdulmuhammet Derýaýewiň «Bahar güllände, türkmen gelni» atly eserinde milli egin-eşikli bir zenanyň ýerde oturyp, gap-gaçdaky önümi taýýarlandygyny şekillendirilýär. Zenanyň başy we eginleri nagyşly, dürli reňkli örtük bilen örtülen. Ol gök reňkli don, gyzyl keteni we nagyşly egin-eşik geýipdir. Zenanyň öňünde gap-gaçlar bolup, gapdalynda gor küýze suratlandyrylyp, bu bolsa öz gezeginde gündelik ýaşaýyş durmuş ýagdaýyny görkezýär. Suratkeş eserinde gyzyl, gök, sary, goňur we gara reňkleri utgaşdyryp, bu bolsa eseriň özüne çekijiligini artdyrýar. Gyzyl we gök reňkleriň utgaşmagy zenanyň keşbini has-da aýdyň görkezmegine getirýär. Zenanyň egin-eşigindäki dürli nagyşlar, keteni we baş örtügi milli däp-dessurymyzy ýatladyp, türkmen zenanynyň egin-eşik medeniýetiniň gözelligini açyp görkezýär. Zenanyň gözel keşbini eseriň merkezinde suratlandyrylmagy tomaşaçynyň ünsüni esasy keşbe gönükdirýär. Suratkeş yşyk bilen kölegäni ussatlyk bilen utgaşdyryp, zenanyň keşbine göwrüm we çuňluk bermegine kömek edip, esere rahatlyk we asudalyk häsiýetini berýär. Bu eser zähmetsöýerligi, sabyrlylygy we gündelik durmuşyň gözelligini açyp görkezip, türkmen zenanyň gündelik durmuşdaky ornuny çeper arkaly beýan etmek bilen, milli durmuşymyzy, egin-eşik medeniýetimizi we zenan keşbiniň gözelligini şöhlelendirýän çeper işdir. Suratkeş reňkleriň sazlaşygy, nagyşlaryň baýlygy we taslamasynyň üsti bilen gündelik durmuşyň ýönekeý, emma manyly pursadyny açypdyr. Ýene-de ajaýyp eserleriň biri Sol Alejonyň «Ene bilen çaganyň söýgüsi» atly eserinde ene lama öz çagasyny mähir bilen gujaklap gorap otyran pursaty örän täsir galdyrýar. Çaganyň enesiniň ýanynda rahat ýagdaýynda görkezilmegi, enäniň çagasyna bolan mähirli söýgüsi, eseriň umumy mazmuny ene bilen çaganyň arasyndaky çuňňur gatnaşyklaryny görkezmekden durýar. Gapdalynda duran ösümlik, kiçijik stol we küýzäniň şekili eseriň umumy sazlaşygyny baýlaşdyrýar. Reňkleriň özara baglanyşygy esere ýakymly we rahat häsiýeti berip, ene bilen çaganyň keşbi ýumşak çyzyklar we tebigy şekiller arkaly döredilipdir. Eseriň esasy pikiri enäniň çagasyna bolan çäksiz söýgüsini, mährini we aladasyny görkezmekdir. Ene bilen çaganyň arasyndaky baglanyşyk diňe bir haýwanat dünýäsinde däl, eýsem adam durmuşynda hem uly ähmiýete eýedigini görkezýär. Şonuň üçin bu eser tomaşaçyda mähir, söýgi we rehimdarlyk duýgularyny döredip, bu eser ene bilen çaganyň arasyndaky mähirli gatnaşygy wasp edýän täsirli çeper eserdir. Eser adamlary ene mährine sarpa goýmaga, kiçilere alada etmäge we ähli janly-jandarlara rehimli çemeleşmäge çagyrýar. Sergide görkezilen şekillendiriş eserleri milli medeniýeti şöhlelendirip, dostlukly döwletleriň ynsanperwer ýörelgelerini suratlandyrýar.
TAWUS GARAJAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
uly ylmy işgäri



















