Ýaşlar diplomatiýasy: parahatçylyk we ynanyşmak köprüleri
Hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitindäki, şeýle hem Ermenistan Respublikasynda geçirilen BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitindäki çykyşlarynda öňe süren teklipleridir başlangyçlary Türkmenistanyň adamzadyň röwşen geljegi üçin tagallalary birleşdirmäge goşant goşýandygyny nobatdaky gezek tassyklady.
Deňhukuklylygyň, birek-birege hormat-sarpanyň bar ýerinde ösüş gazanylýar, hyzmatdaşlyk we ynanyşmak pugtalanýar. Bu hakykat Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýen çuňňur filosofik ýörelgesinde aýdyň görünýär. Hormatly Prezidentimiz Baku sammitinde eden çykyşynda hem: «Halkara hukugyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň biziň dialogymyzyň çäklerinde, ilkinji nobatda, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, ynanyşmagy pugtalandyrmaga we özara kabul ederlikli çözgütleri işläp taýýarlamaga ýardam berjekdigine ynanýaryn» diýip, aýratyn nygtady. Bitarap Türkmenistanyň hoşniýetli hyzmatdaşlygy berkitmek, halkara hukuga aýratyn ähmiýet bermek hakyndaky başlangyçlarynyň işjeň durmuşa geçirilýändigini 2028-nji ýylyň «Halkara hukuk ýyly» we 2027 — 2037-nji ýyllaryň BMG-niň «Dialogyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň onýyllygy» diýip yglan edilmegi arkaly hem äşgär görmek bolýar.
Döwlet Baştutanymyzyň Geňeşiň ýaşlar platformalarynyň çäklerinde akademiki alyşmalary giňeltmegi Türkmenistanyň doly goldaýandygyny aýratyn bellemegi ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenip, ylym-bilimini, tejribesini we dünýägaraýşyny baýlaşdyrmagynyň döwlet derejesindäki ähmiýetini açyp görkezdi. Munuň özi dürli halklaryň medeniýetine sarpa goýýan, özgeleriň pikirini diňläp bilýän täze watançy nesliň kemala gelmegine uly itergi berýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň parahatçylykly dialog medeniýetini gaýtadan dikeltmek işine ösüp gelýän nesli çekmegiň guraly hökmünde ýaşlar diplomatiýasyny düýpli ösdürmegiň zerurdygyny aýtmagy ýurdumyzyň sebitde we dünýäde dostluk hem-de ynanyşmak köprülerini berkitmekde ýaşlara aýratyn uly ynam bildirilýändigini aňladýar. Bu bolsa dialogy dikeltmekde hem-de döwletleriň arasynda ynam köprülerini gurmakda ösüp gelýän nesliň eýeleýän ornuny has-da berkidýär. Ýaşlary birleşdirýän «Ynanyşmagyň ýaş ilçileri» toruny döretmek baradaky teklip Aziýa giňişliginde medeniýetara dialogy ösdürmek üçin möhüm ädim boldy. Bu halkara gural sebitde medeniýetara dialogy ösdürmäge we özara ynamy berkitmäge ýokary aň-bilimli ýaş nesli çekmegiň özboluşly serişdesi bolmak bilen, işjeň hem-de zehinli ýaşlaryň dünýä derejesindäki täze güýjüne öwrüler. Hormatly Prezidentimiziň emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça Halkara kodeksi işläp taýýarlamagy teklip etmegi häzirki zaman tehnologiýalaryny öwrenýän ýaşlara innowasiýanyň jogapkärçilik bilen utgaşmalydygyny ýatladýar. Ulag we söwda babatda öňe sürlen teklipler bolsa täze hünärleri özleşdirmegiň, sanly başarnyklary ösdürmegiň ähmiýetini artdyrýar. Şeýle başlangyçlar ýaşlara diňe bir ýagty ertiriň eýeleri hökmünde däl, eýsem, şu günüň halkara hyzmatdaşlygyna hem goşant goşup bilýän güýç hökmünde garalýandygyny görkezýär.
BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň çäklerinde Ýerewanda geçirilen Liderler sammiti tebigy ekoulgamlary goramak işinde dünýä jemgyýetçiliginiň we döwletleriň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilendir. Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly wehimleriň barha artýan şertlerinde bu abraýly meýdança döwlet Baştutanlaryna dünýäde ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek üçin syýasy mehanizmleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Halkara giňişlikde Türkmenistan möhüm ekologiýa meseleleri boýunça anyk başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Sammitde hormatly Prezidentimiz tarapyndan möhüm başlangyçlaryň öňe sürülmegi munuň aýdyň güwäsidir. Döwlet Baştutanymyz aýratyn goralýan tebigy çäkleriň milli ulgamlaryny kämilleşdirmäge, ekologiýa gözegçiligini ösdürmäge, haýwanlaryň we ösümlikleriň seýrek görnüşlerini goramaga ýurdumyzda uly ähmiýet berilýändigini belläp, Türkmenistanyň 2026 — 2035-nji ýyllar üçin bioköpdürlüligi gorap saklamak boýunça Milli strategiýasynyň we Hereketleriň meýilnamasynyň bu ugurdaky işiň möhüm guraly bolup durýandygyny nygtady. Bu resminamalar halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde ählumumy çarçuwaly maksatnamanyň maksatlaryny nazara almak bilen işlenip taýýarlanyldy. Bellenilen maksatlar ýaş ekologlaryň, biologlaryň we beýleki hünärmenleriň ylmy gözleglerine möhüm ugur bolup hyzmat edýär.
Döwlet Baştutanymyz Ýerewan sammitinde tebigy mirasy goramak we ylmy barlaglary ösdürmek babatda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk edilýändigini aýratyn belledi. BMG-niň bu abraýly düzüm birligi dünýäniň medeni we tebigy mirasyny gorap saklamakda halkara derejede esasy hem-de täsirli meýdança bolup durýar. Sammitde beýan edilen suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmak, ösümlikleriň we haýwanlaryň seýrek görnüşlerini gorap saklamak hem-de ekologiýa gözegçiligini kämilleşdirmek ýaly ählumumy meseleler ýaşlaryň alýan ylymlaryny anyk amaly işe öwürmekleri üçin wajypdyr.
Türkmenistan ekologiýa howpsuzlygyny we tebigaty goramagy döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitleýär. Ýurdumyzyň tebigatyny gorap saklamak biziň baş borjumyzdyr. Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa sammitindäki çykyşyny: «Türkmenistan ähli gyzyklanma bildirýän döwletler hem-de halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklaýar. Syýasy erkiň, ylmy maglumatlaryň hem-de amaly mümkinçilikleriň birleşdirilmegi häzirki we geljekki nesilleriň bähbidine Ýer ýüzüniň tebigy mirasyny gorap saklamaga mümkinçilik berer diýip hasaplaýarys» diýen sözler bilen jemlemegi Watanymyzyň ekologiýa diplomatiýasynda we ählumumy başlangyçlarynda abadan durmuşy üpjün etmek babatda öňe sürýän garaýyşlarynyň diňe bir milli ýa-da sebit derejesindäki däl, eýsem, umumadamzat bähbitlerini nazarlaýan bitewi garaýyşlardygyny dünýä aýan edýän beýik çagyryşdyr.
Bakuwdaky we Ýerewandaky ýokary derejeli duşuşyklarda döwlet Baştutanymyzyň beýan eden teklipleri Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge, ählumumy abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň öňe süren ähli oňyn başlangyçlary we teklipleri nesilleriň bagtly durmuşyny kepillendirýän sarsmaz binýatdyr, belent jogapkärçilikdir. Hut açyk, deňhukukly dialog arkaly gazanylýan ylalaşyklar parahatçylyk döredijilige, sagdyn we durnukly tebigat bolsa abadan durmuşa ýol açýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Azerbaýjana we Ermenistana iş saparlary Watanymyzyň halkara giňişlikdäki abraýyny täze belentliklere göterip, ählumumy abadançylygyň hatyrasyna alnyp barylýan uly möçberli beýik işleri has-da dabaralandyrdy. Häzirki we geljekki nesiller hakda alada edýän, halkara hyzmatdaşlykda türkmen ýaşlaryna giň orun berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary hemişe aman bolsun!
Ýazpolat KERIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.



















