Halkara habarlar
«Tatar gyzy — 2026»: ýeňiji Daşkentde sarpalandy
Şu ýylyň 7 — 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guralan iri halkara çäreleriň çäginde «Tatar gyzy — 2026» halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirilip, onda özbegistanly Amina Mahmudowa ýeňiji bolupdy. Golaýda bolsa Özbegistan Respublikasynyň Milli medeni merkezleriniň pawilýonynda abraýly bäsleşigiň ýeňijisini sarpalamak mynasybetli dabara guraldy. Özbegistanyň medeniýet ministri O.Nazarbekowyň, Milletara gatnaşyklar we daşary ýurtlardaky watandaşlar baradaky komitetiň başlygy K.Sariýewiň, Türkmenistanyň Özbegistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ş.Meredowyň, Oliý Mejlisiň deputatlarynyň, ilçilerdir döwlet edaralarynyň, milli medeni merkezleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen çärä hakyky baýramçylyk ruhy mahsus boldy.
Mälim bolşy ýaly, «Tatar gyzy» atly taslama tatar halkynyň baý taryhy mirasyny we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamaga gönükdirilendir. Adaty gözellik bäsleşiklerinden tapawutlylykda, bu çärede eminler gatnaşyjylaryň diňe bir daşky keşbine baha bermän, eýsem, olaryň öz ene dilini bilşine, milli aýdymdyr tanslary ýerine ýetirmek, milli tagamlary taýýarlamak ussatlygyna üns berýärler. Her ýyl bu bäsleşik Russiýa Federasiýasynyň dürli sebitlerinden we daşary ýurtlardan zehinli gyzlary bir ýere jemleýär. Ýerlerde saýlama tapgyrlarda ýeňiji bolan ýaşlar jemleýji tapgyrda intellektual, döredijilik taýýarlygynyň ýokary derejesini görkezýärler. Şu ýyl bolsa ol Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ilkinji gezek Hazaryň türkmen kenarynda geçirildi.
Daşkentde guralan çäräniň dowamynda «Tatar gyzy — 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisi A.Mahmudowa tüýs ýürekden gutlaglar beýan edilip, oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan berlen «ZEEKR 9X» kysymly awtoulag dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Çärede çykyş edenler agzalan bäsleşigiň milli medeni mirasy gorap saklamakda we wagyz etmekde, zehinli ýaşlary goldamakda, halklaryň arasynda dostlugy, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.
Ynsanperwer tagallalara ygrarlylyk
Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ženewada geçirilen BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 77-nji mejlisine gatnaşdy. Mejlisde edilen umumy çykyşlaryň dowamynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy ýurdumyzyň döwlet syýasatynda ynsanperwer meseleleriň orny barada durup geçdi. Şunda Türkmenistanda raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça Hereketleriň milli meýilnamasyny durmuşa geçirmekde gazanylan üstünliklere hem-de hormatly Prezidentimiziň 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyna aýratyn üns çekildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Halkara hukuk ýylyny yglan edýän degişli Kararnamanyň kabul edilmegi Bitarap Türkmenistanyň halkara hukugyň hökmürowanlygyny ilerletmek, parahatçylygyň, ynanyşmagyň, BMG-niň çäklerinde köptaraply hyzmatdaşlygyň medeniýetini pugtalandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriniň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Saparyň çäklerinde BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary komissary B.Saleh bilen duşuşyk geçirilip, onda Türkmenistanyň raýatsyzlygy aradan aýyrmak we goraga mätäç şahslara raýatlyk bermek boýunça Merkezi Aziýada ykrar edilen öňdebaryjy tejribesine ýokary baha berildi.
Türkmen wekiliýeti Jakartadaky okuw maslahatynda
Indoneziýanyň paýtagty Jakarta şäherinde ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasy tarapyndan «Dokumental köpdürlüligi giňeltmegiň mümkinçiligi» atly halkara okuw maslahaty geçirildi. Oňa ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rustemowa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri M.Meredow hem gatnaşdy.
Indoneziýanyň Milli arhiwi, Koreýa Respublikasynyň hem-de Indoneziýanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlary, Koreýanyň Miras gullugy bilen bilelikde guralan bäş günlük okuw maslahatynyň maksady halkara hyzmatdaşlygy berkitmekden, «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklary aýawly saklamak we oňa gymmatly dokumental mirasyň nusgalaryny hödürlemek babatda Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynyň işgärler we tehniki mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakdan ybarat boldy. «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasy tarapyndan taryhda ilkinji gezek giň wekilçilikli düzümde guralan duşuşyk Bangladeş, Bruneý, Kamboja, Fiji, Indoneziýa, Laos, Mýanma, Palau, Filippinler, Şri-Lanka, Timor-Leste, Tuwalu, Türkmenistan, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan ýaly döwletleriň wekillerini bir ýerde jemledi.
Amaly hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär
Ylym-bilim ulgamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de wodorod energetikasy boýunça özara gatnaşyklary giňeltmek Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory B.Atamanowyň Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň esasy maksady boldy. Saparyň çäklerinde dostlukly ýurduň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata bilen duşuşyk geçirildi. Onda taraplar bilelikde ylmy barlaglary alyp barmak, hünärmenleri taýýarlamak we tebigy gazdan wodorod öndürmegiň innowasion tehnologiýalaryny ösdürmek meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.
Ýeri gelende bellesek, Ýaponiýanyň bu öňdebaryjy bilim ojagy bilen hyzmatdaşlyk 2025-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Sukuba uniwersitetiniň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň esasynda yzygiderli ilerledilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň üç mugallymy Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) goldawy bilen durmuşa geçirilýän «SDG’s Global Leader» maksatnamasynyň çäklerinde agzalan uniwersitetde hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçýär.
Ýurdumyzyň nebitgaz pudagy boýunça hünärmenleri taýýarlaýan esasy ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçysynyň «Günüň dogýan ýurduna» amala aşyran bu gezekki saparynyň maksatnamasy hem baý mazmuny bilen tapawutlandy. Saparyň dowamynda Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň Tebigy serişdeler we energetika agentliginiň, Täze energiýa we senagat tehnologiýalaryny ösdürmek guramasynyň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi. Şeýle-de «Chiyoda» korporasiýasynyň «Kiyasu Research Park» ylmy-barlag merkezine, Sukuba uniwersitetiniň Wodorod baglanyşyklaryny öwreniş merkezine hem-de «TIAR» ylmy-barlag institutyna barlyp görlüp, bu düzümlerde alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanşyldy.
Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».



















