Inklýuziw bilimi ösdürmegiň ýolunda
Her bir çaganyň ukyp-başarnygyny ösdürmek, onuň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagyny gazanmak we ýokary hilli bilim almagy üçin deň mümkinçilikleri döretmek häzirki zaman bilim ulgamynyň möhüm wezipeleriniň biridir. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleriniň Portugaliýa Respublikasynyň Lissabon şäherine amala aşyran sapary aýratyn ähmiýete eýe boldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) guramagynda amala aşyrylan saparyň esasy maksady inklýuziw bilimi ösdürmek we maýyplygy bolan çagalary goldamagyň toplumlaýyn ulgamyny döretmek boýunça halkara tejribäni öwrenmekden ybarat boldy.
Saparyň dowamynda türkmen hünärmenleri Portugaliýanyň bilim edaralarynda we inklýuziw okuw merkezlerinde bolup, bu ugurda toplanan tejribeler bilen tanyşdylar. Esasy üns aýratyn bilim zerurlyklary bolan çagalar üçin goldawyň guralyşyna, olaryň aýratynlyklaryna laýyklykda, okuw meýilnamalarynyň taýýarlanylyşyna hem-de bilim edaralarynyň fiziki gurşawynyň elýeterliligine gönükdirildi.
Pedagoglaryň, psihologlaryň we logopedleriň bilelikde işlemegi, her bir çaganyň ösüş aýratynlyklaryna laýyklykda, özbaşdak okuw meýilnamalarynyň düzülmegi saparyň dowamynda öwrenilen möhüm ugurlaryň hatarynda boldy.
Bu sapar Türkmenistanda inklýuziw bilimi ösdürmek, mugallymlaryň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek hem-de mekdebe çenli we umumybilim berýän edaralarda hemmeler üçin elýeterli okuw gurşawyny döretmek babatda ähmiýetlidir. Halkara tejribäniň öwrenilmegi milli bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga, her bir çaganyň hukuklaryny we mümkinçiliklerini nazara alýan çemeleşmeleri giňeltmäge şert döredýär.
Ylmy-akademiki gatnaşyklarda möhüm ädim
Ýakynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň amaly matematika we informatika kafedrasynyň müdiri, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty M.Bekiýewa Belarus Respublikasynda iş saparynda bolup, Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersitetinde umumy sapak berdi. Belarus uniwersitetiniň «Myhman professor» maksatnamasynyň çäklerinde guralan bu sapar dürli ýurtlaryň alymlaryny we tejribeli mugallymlaryny okuw işine çekmek, olaryň ylmy-pedagogik tejribesini talyplar bilen paýlaşmagyna ýardam bermek başlangyjyna esaslanýar.
Sapaklarda matematik nazaryýetiň amaly meseleler bilen arabaglanyşygyna aýratyn üns berildi. Hususan-da, matematik usullaryň inženerçilik hasaplamalarynda we ekologik modelleşdirmede ulanylyşy barada düşünjeler sapagyň esasy özenini düzdi.
Türkmen alymynyň «Myhman professor» maksatnamasyna gatnaşmagy halkara akademiki hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädimdir. Şeýle duşuşyklar ýokary okuw mekdepleriniň arasynda tejribe alyşmaga, okatmagyň döwrebap usullaryny öwrenmäge, hünär gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de geljekde bilelikdäki ylym-bilim taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin täze mümkinçilikleri döretmäge ýardam edýär.
Ýeri gelende bellesek, bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymy N.Baýramowanyň hem 19 — 28-nji oktýabr aralygynda Ýaponiýada geçirilen şöhleleriň dinamikasy we tizlendiriji tehnika boýunça IX halkara okuw maksatnamasyna gatnaşmagy netijeli häsiýeti bilen tapawutlandy. Okuw sapaklarynda gatnaşyjylar şöhleleriň dinamikasy, tizlendiriji tehnologiýalaryň iş ýörelgeleri we bu ugurdaky döwrebap ylmy-tehniki ösüşler boýunça bilimlerini çuňlaşdyrdylar. Sapaklar Hirosima uniwersitetiniň professorlarynyň ýolbaşçylygynda geçirildi.
(Ýörite habarçymyz).



















