Bedenterbiýe sapagynda oýunlar
Orta mekdepleriň ähli synplarynda bedenterbiýe sapaklarynda çalt hereketli we milli oýunlaryň birnäçe görnüşleri guralýar. Bu oýunlar okuwçylarda ýörite taýýarlygy talap etmeýär. Olar dürli görnüşlerde bolup, synplar boýunça okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryna baglylykda guralsa has-da täsirli bolýar.
1 — 4-nji synplaryň okuwçylary üçin «Aýterek-Günterek», «Awçy we ördekler», «Kim birinji?» diýen ýaly bilim we terbiýeçilik esasynda hereketli oýunlary oýnatmak ähmiýetlidir.
5 — 7-nji synplarda, köplenç, hereketli sport oýunlary guralýar. Bedeni ösdüriji maşklara «Garşylykly estafeta», «Tanap çekişmek», «Kim güýçli?» we beýleki oýunlar degişlidir.
8 — 9-njy synplarda towusmak we zyňmak hereketleri bilen baglanyşykly oýunlar guralýar. Olara «Woleýbolçylaryň ýaryşy», «Pökgini ýere urup, alyp gitmek we tora salmak», «Ýaglyga towusmak» ýaly oýunlar degişlidir.
Ýokary synp okuwçylaryň bedenleriniň fiziki başarjaňlygyny artdyrmak maksady bilen dürli beden maşklaryny ýerine ýetirmek maksadalaýykdyr.
Çalt hereketli we milli oýunlar ýaş nesliň ýatkeşligini ösdürýär hem-de bedenini hemmetaraplaýyn terbiýelemegiň esasy serişdeleriniň biri bolup durýar.
Biz oýunlarda hereketiň esasy görnüşleri bolan ýöremegi, ylgamagy, bökmegi, zyňmagy, päsgelçiliklerden geçmegi göz öňünde tutýarys. Oýunlary dogry guramak okuwçylaryň ünsüni, akyl ýetirişini, çeýeligini, çydamlylygyny kämilleşdirýär, şeýle-de olaryň arasynda dostlugy we agzybirligi pugtalandyrýar.
Oýunlar, köplenç, açyk howada sport meýdançasynda guralýar. Munuň özi saglyk üçin hem peýdalydyr. Oýunlar açyk howada guralanda, meýdançanyň talabalaýyk bolmagy hökmandyr. Gerek bolan enjamlar öňünden taýýar edilip goýulmalydyr. Mugallym oýnuň dowamynda okuwçylaryň her bir hereketine berk gözegçilik etmelidir. Geljekki nesliň sagdyn, berk bedenli, kuwwatly, pähim-paýhasly bolup ýetişmeginde türkmen milli oýunlarynyň ähmiýeti uludyr.
Tirkeş GAÝYPOW,
Akdepe etrabyndaky 54-nji orta mekdebiň mugallymy.



















