Bilim işgärleriniň usuly-amaly maslahaty geçirildi
Röwşen geljegimiziň binýady
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde milli bilim ulgamyny düýpli özgertmek, ony halkara ölçeglerine laýyk getirmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ýaş nesle berilýän bilimiň we terbiýäniň hili halkyň we döwletiň geljekki ösüşiniň binýady bolup durýar. Türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynda halypa-şägirtlik ýörelgesi ýurdumyzyň maddy we ruhy medeniýetini kämilleşdirmekde esasy gural bolup hyzmat edipdir. Halkymyzyň geçmişde döreden ýagşy däp-dessurlary häzirki döwürde döwrebap röwüşde üstünlikli dowam edýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Ata-babalarymyzda öz bileniňi özgelere-de öwretmek, ýörite ussatlary ýetişdirmek parz saýylypdyr. Halypa hormaty peder sarpasy deýin belent tutulypdyr. Şägirt okuwçy öz perzendiň deýin eý görlüpdir. Şeýdibem, halypa-şägirtligiň durmuş mekdebi döredilipdir» diýip belleýär. Görşümiz ýaly, hünärli ýaşlary ýetişdirmek ýurduň, halkyň ykbaly bilen baglydyr. Şonuň esasynda bu günki günde milli bilim ulgamynda halypa-şägirtlik ýörelgesini has-da kämilleşdirmek, mugallymlaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak iň derwaýys wezipeleriň birine öwrüldi.
Ýakynda Saýat etrabyndaky 41-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň we Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamynda halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň guralyşyny kämilleşdirmegiň wezipeleri» atly usuly-amaly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň 2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagy hakynda aýratyn belläp geçdiler. Şeýle hem maslahatda çykyş edenler halypalyk işini alyp barmak boýunça umumybilim edaralarynyň pedagoglarynyň «Öz-özüňi kämilleşdirmek» depderlerini ýöretmekleriniň ylmy-usulyýet aýratynlyklary, türkmen jemgyýetinde halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň taryhy kökleri we häzirki zaman ýörelgeleri, Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» romanynda halypa mugallym Berdimuhamet Annaýewiň ýakymly keşbi, milli bilim ulgamynda ýaş pedagog bilen halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny kämilleşdirmekde pedagogyň hünär medeniýetiniň orny we ähmiýeti, bilim edaralarynda halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny guramagyň usulyýeti we ýörelgeleri, halkara hyzmatdaşlygyň we innowasion tehnologiýalaryň orny barada giňişleýin belläp geçdiler.
Usuly-amaly maslahat günüň ikinji ýarymynda Saýat etrabyndaky 23-nji orta mekdepde öz işini bölümçelerde dowam etdi. Bu mekdepde halypa pedagog Haýyt Borjakowyň ömür ýoluna we mugallymçylyk tejribesine bagyşlanyp döredilen mekdep müzeýi bilen tanyşdyryldy. Baýry bilim işgäri Haýyt Borjakow bu mekdepde birnäçe ýyl ýolbaşçylyk edipdir. Mekdep muzeýinde halypanyň okan kitaplary, alan sylaglary, metbugat sahypalaryndaky çykyşlary, ýöreden iş bukjalary, resminamalary ýerleşdirilipdir.
Usuly-amaly maslahatyň dowamynda welaýatyň bilim işgärleriniň, zehinli mekdep okuwçylarynyň döredijilik işlerine, gazanan üstünliklerine, mugallymlaryň taýýarlan döwrebap okuw serişdelerine bagyşlanan sergä hem syn edildi. Umuman, maslahat örän guramaçylykly we täsirli geçdi. Bilim işgärlerine birek-birekden tejribe alyşmaga, öňdebaryjy, işjeň iş usullaryny durmuşa ornaşdyrmaga mümkinçilik döredildi.
Bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, watansöýüji, ilhalar, ahlak taýdan arassa, giň dünýägaraýyşly, ylymly, bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde mugallymlar üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Aýnabat OTUZOWA,
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiň müdiri.
* * *
Halypalyk dowamatdyr
Türkmenistanda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň mümkinçiliklerini ösdürmek, bu ulgamda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip belleýär.
Häzirki wagtda bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan döwrebap tehnologiýalar we usulyýetler halkymyzyň milli mugallymçylyk ýörelgelerinden ugur alýar. Bu ugurda halypa-şägirtlik ýörelgesi hem dowam edýär. Halypa öz durmuş, döredijilik we zähmet tejribelerini geljekki nesillere geçirip, olary kesp-käre we durmuşa taýýarlaýar. Bularyň ählisi halkymyzda halypa-şägirtlik ýörelgesine möhüm ähmiýet berlendigini, onuň uly durmuş mekdebidigini tassyklaýar.
Ýakynda Lebap welaýatynda bolup geçen usuly-amaly döwlet maslahatynyň umumy mejlisinde edilen çykyşlarda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, Gahryman Arkadagymyzyň 2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda
Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagynda eden taryhy çykyşyndan halypalyk işini kämilleşdirmek boýunça gelip çykýan wezipeler, türkmen jemgyýetinde halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň taryhy kökleri we häzirki zaman ýörelgeleri hakynda beýan edildi. Şeýle hem milli bilim ulgamynda ýaş pedagoglar bilen halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny kämilleşdirmekde pedagogyň hünär medeniýetiň orny we ähmiýeti, bilim edaralarynda halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny guramagyň usulyýeti we ýörelgeleri hem-de bu möhüm ugurda halkara hyzmatdaşlygyň we innowasion tehnologiýalaryň orny, mugallymçylyk işinde halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny guramakda toplanylan öňdebaryjy tejribeler, umumybilim edaralarynda halypa pedagoglaryň halypa-şägirtlik gatnaşyklaryndaky orny we hyzmatlary barada durlup geçildi. Usuly-amaly maslahatda mekdebe çenli bilimden başlangyç bilime geçiş döwrüniň pedagogik-psihologik esaslary we onda halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň orny barada täsirli söhbetler edildi.
Maral ÖWEZGELDIÝEWA,
Ýolöten etrabyndaky 48-nji orta mekdebiň müdiri.
* * *
Hünär kämilligi ugrunda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp kemala gelýän ýaş nesli bilimli, terbiýeli watansöýüji, ilhalar ynsanlar edip ýetişdirmek biziň esasy wezipämiz. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, bilim ulgamynda hem buýsandyryjy üstünlikler gazanylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Döredijilikli zähmet çekýän bilim işgärleriniň, öňdebaryjy pedagoglaryň, halypalaryň, ýaş hünärmenleriň iş tejribesini kämilleşdirmek, syýasy düşünjelerini ösdürmek maksady bilen, usuly-amaly okuwlar, maslahatlar yzygiderli geçirilýär.
Bilim-terbiýeçilik edaralaryna işe gelýän ýaş hünärmenleri halypa pedagoglara berkitmek, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ýola goýmak işi üstünlikli alnyp barylýar. Mekdebimizde ýaş mugallymlar öz hünär ugry boýunça halypa mugallymlara berkidilip, özara sapaklaryna gatnaşdyrmak, tejribe alyşmak, iş usullaryny öwrenmek, esasan hem, okuwçylary watançylyk ruhunda terbiýelemekde ulanýan işjeň usullaryny öwrenmek bu işiň esasy maksady we wezipesi bolup durýar.
Okatmagyň we terbiýelemegiň usulyny halypadan öwrenen ýaş mugallymlar iş tejribelerini barha kämilleşdirýärler we ösdürýärler. Netijede, olaryň bilim berýän okuwçylary sazlaşykly ösen şahsyýetler bolup kemala gelýärler.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly sözlerinden ruhlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim özgertmelerine esaslanyp, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmakda, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny kämilleşdirmekde, ösüp gelýän ýaş nesli döwrebap bilimli, kämil terbiýeli, watansöýüji ýaşlar edip kemala getirmekde ukyp-başarnygymyzy, yhlasymyzy gaýgyrman döredijilikli zähmet çekeris.
Bibijemal MUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 74-nji «Bagtyýar nesiller» orta mekdebiniň müdiri.
* * *
Öňdebaryjy tejribäniň netijesi
Ylym-bilim edaralarynda halypa-şägirt gatnaşyklary ýokary derejede durmuşa geçirilýär. Halypaçylyk hünär kämilliginiň esasy ýollarynyň biridir. Geçmişde-de ähli kärdäki adamlaryň halypalary bolupdyr. Olar islendik käri, hünäri öwrenmek isleýän ýaşlara-da, ululara-da ol işiň ähli inçeliklerini jikme-jik öwredipdirler. Netijede, şägirtleriň öz ukyby, zehini, yhlasy, başarnygy we endigi bilen ussadyndan öňe geçenleri hem bolupdyr. Halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň diňe bir hünär öwretmek bilen çäklenilmän, eýsem, ruhy-ahlak, edep-terbiýe we watansöýüjilik başarnyklaryny hem öz içine almalydygy, her ýaş hünärmeniň bir çemeleşmäni ulanman olaryň dürlüdigini unutmaly däldigi ýaly meseleler şeýle gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biridir. Halypanyň we halypaçylygyň maksady ýaş mugallymlaryň gowy taraplaryny, nazary, usuly taýdan artykmaçlyklaryny ýüze çykarmak bilen, soňky ýyllarda ýokary okuw mekdeplerdäki okuw derslerine girizilen täzelikleri we şuňa meňzeşleri sorap bilmekden başlasalar maksadalaýyk bolar. Halypaçylygyň esasy maksady, mazmuny uly ýaşly nesliň gündelik durmuş tejribesinden, synaglardan geçen amaly başarnyklary, endikleri, işiň guramaçylyk görnüşlerini, usullaryny, çagalar, ýetginjekler, ýokary synp mekdep okuwçylary bilen işlemegi, her bir pedagogik-psihologik, usuly edebiýatlardan ýerlikli peýdalanmagy we ondan daşary işiň gizlin syrlaryny öwretmek bilen utgaşdyrylmalydyr.
Milli bilim ulgamynda halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň guralyşyny kämilleşdirmek — bu türkmen halkynyň ruhy-medeni mirasynyň möhüm bölegini täzeçe mazmuna eýe etmek we ony yzygiderli ösdürmek işidir. Halypa-şägirtlik ýoly müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgämiz bolup, ol ýaş nesliň ylymly-bilimli ilhalar hünärmenler bolup ýetişmeginde möhüm orun eýeleýär. Şonuň üçin bu ugurda maslahatda agzalan wezipeleri durmuşa geçirmek halypaçylyk işini talabalaýyk guramak, ýaş hünärmenleriň hünär taýýarlygyny yzygiderli ýokarlandyrmak we halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny döwrebaplaşdyrmak arkaly milli bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine laýyk derejä getirmek mümkinçiliginiň ugruny giňeldýär.
Gülnur ALLABERENOWA,
Kaka etrabyndaky 6-njy orta mekdebiň mugallymy.
* * *
Asylly ýörelgeler rowaçlanýar
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ösüşiniň ylym-bilim bilen baglanyşyklydygyny, kämil hünärmenlere aýratyn üns berilýändigini görmek bolýar. Ylym-bilime bolan söýgi, öwrenmäge bolan höwes gadymdan gelýän asylly ýörelgelerimiziň biridir. Bu ajaýyp ýörelge ýaşlarymyzyň okamaga bolan höwesini, bilimli hünärmen bolmak ukybyny artdyrýar. Bilime, ylma bolan ymtylmalar hem-de gözlegler ynsan durmuşyny baýlaşdyrypdyr. Jemgyýetiň ruhy medeniýetiniň esasyny düzýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak işini maksadalaýyk guramakda onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy häzirki zaman bilim ulgamynyň esasy ugrudyr.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin döwlet tarapyndan goýberilýän serişdeleriň möçberi ep-esli ýokarlandy we häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin gurulýan täze binalaryň sany hem artdy. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde berilýän bilimiň hilini dünýä derejesinde laýyk ýola goýmak, ýaş neslimize döwrümiziň ösen talaplarynda bilim we terbiýe bermekde milli ruha ýugrulan, türkmen halkynyň geçmişde ýörelge edinen, durmuşyň synaglaryndan geçip, biziň günlerimize gelip ýeten milli edep-terbiýe mekdebini ýörelge edinmek däbe öwrüldi.
Halypalaryň durmuş we zähmet ýoluny ýaş nesle ýetirmek, olaryň ýagşy dessurlaryny dowam etmek mugallymlaryň hem mukaddes borjuna öwrüldi. Bu barada Lebap welaýatynda bolup geçen bilim işgärleriniň maslahatynda hem giňden durlup geçildi. Elbetde, halypa-şägirtligiň dowam edilmegi döwrüň we milli bilimiň şu günki zerurlygydyr. Bilşimiz ýaly, «halypa» sözi durmuşda kän eşidilýän söz bolup, ol ykbalyny baglan hünäriniň ilkinji menzillerinde ýaşlara ýol görkezýän, üstünliklerini we bärden gaýtmalaryny düşündirýän, ýagşyny-ýamany seljermäge ýardam edýän adamdyr. Şeýle ýagdaýda ýaş işgär dessine alan bilimini tejribe bilen utgaşdyrýar. Netijede, saýlan käriniň inçeliklerine tiz aralaşyp, işde üstünlik gazanýar.
Baýramgül ÝAÝYLOWA,
Saýat etrap bilim bölüminiň müdiriniň orunbasary.



















