Özbek diliniň gününe bagyşlandy
Düýn Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Özbek diliniň güni mynasybetli çäre geçirildi. Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen ady agzalan ýokary okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda geçirilen dabara daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, institutyň professor-mugallymlary we talyplar, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Dabaranyň başynda myhmanlar ýokary okuw mekdebiniň eýwanynda guralan sergä aýlanyp gördüler. Onda hormatly Prezidentimiziň kitaplary bilen bir hatarda, özbek halkynyň milliligini, däp-dessurlaryny şöhlelendirýän gymmatlyklar, nusgawy şahyrlarynyň kitaplary görkezildi. Soňra çäre institutyň mejlisler jaýynda dowam etdi. Bu ýerde çykyş edenler özbek diliniň taryhy, şu güni, şeýle-de Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary barada durup geçdiler. Olaryň nygtamagyna görä, 1989-njy ýylyň güýzünde döwlet dili diýlip ykrar edilen özbek dilini häzirki wagtda Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde ýaşaýan 50 milliona golaý adam gepleşik dili hökmünde ulanýar.
— Özbek dili ata-babalarymyzdan miras galan, asyrlarboýy halkymyzyň dünýägaraýşyny, arzuw-hyýallaryny hem-de durmuş tejribesini özünde şöhlelendirip gelýän bahasyna ýetip bolmajak baýlygymyzdyr. Dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleri bolan Alyşir Nowaýy, Zahyreddin Muhammet Babyr ýaly söz ussatlarynyň döreden eserlerinde özbek diliniň giň mümkinçilikleri şöhlelenýär. Ene dilimizi gorap saklamak diňe bir geçmişe bolan hormat däl, eýsem, geljek nesilleriň öňündäki jogapkärçilikdir.
Döwlet Baştutanymyz halkymyza ýollan baýramçylyk Gutlagynda ene dilimizi aýawly saklamagyň, jemgyýetçilik durmuşyndaky ornuny we abraýyny has-da ýokarlandyrmagyň, şeýle-de onuň häzirki zaman ylym we tehnologiýalar ulgamyndaky mümkinçiliklerini giňeltmegiň ähmiýeti dogrusynda aýratyn durup geçýär. Şu nukdaýnazardan, özbek dilini döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmek ýurdumyzda ileri tutulýan wezipeleriň biridir — diýip, Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň geňeşçisi Žasur Aşurow çykyşynda gürrüň berdi.
Çärede çykyşlar bilen ugurdaşlykda ady agzalan ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde türkmen we özbek aýdym-sazlary ýaňlandy. Dabaranyň ahyrynda «Türkmenistan we Özbegistan: taryhy kökler, umumy geljek» atly düzme ýazmak bäsleşiginiň ýeňijilerine sowgatlar gowşuryldy.
Parahat BATYROW.
«Türkmenistan».



















