Halkara ylmy-taslama bäsleşigi
Golaýda Türkmen oba hojalyk institutynda sanly ulgam arkaly «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly» atly III halkara ylmy-taslama bäsleşigi geçirildi. Oňa Azerbaýjandan, Belarusdan, Gyrgyzystandan, Gazagystandan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Moldowadan, Rumyniýadan, Pakistan Yslam Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Täjigistandan hem-de Özbegistandan zehinli talyplaryň, ýaş alymlaryň 280-e golaýy öz ylmy-taslama işlerini hödürledi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym we bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, ýaşlaryň ylmy-barlag işleriniň höweslendirilmegine, döredijilik başlangyçlarynyň hem-de täze açyşlarynyň durmuşa geçirilmegine, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde azyk howpsuzlygynyň, ekologiýa abadançylygynyň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Giň gerime eýe bolan halkara ylmy-taslama bäsleşigi hem munuň aýdyň güwäsidir.
Bäsleşik oba hojalygy, maglumat tehnologiýalary (IT) hem-de işewürlik taslama ugurlary boýunça geçirilip, bu ugurda ýaşlaryň ylmy gözlegleri, täze innowasiýalary hem-de işewürlik başlangyçlary bilen tanyşmaga giň mümkinçilik döretdi. Şunuň bilen birlikde, bäsleşigiň maksady zehinli ýaşlaryň öňdebaryjy tejribeleri öwrenmegini gazanmakdan, ylym ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmekden ybaratdyr.
Bäsleşige hödürlenen taslamalarda ýaşlaryň oba hojalygyny ykdysadyýetiň öňdebaryjy pudagyna öwürmäge, innowasion çözgütleri we täze önümçilik tehnologiýalaryny işläp taýýarlamaga hem-de ornaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändikleri aýdyň göründi. Şeýle hem ýaşlaryň ylmy taslamalarynda tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, ýeriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, topragyň şorlaşmagynyň we medeni zolaklaryň çölleşmeginiň öňüni almak, pudagy sanlylaşdyrmak, suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmak, oba hojalygynda önümçiligi ýokarlandyrmak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ýaly döwrüň möhüm wezipelerine hem aýratyn üns berilýär.
Taslama işlerine döwrebaplygy, täzeçilligi we ykdysady bähbitliligi taýdan baha berildi. Ýaşlaryň taslamalaryndaky ylmy delilleriň takyklygyna, ony durmuşa geçirmegiň mümkinçiligine hem-de möhüm wezipeleri gozgaýandygyna hem aýratyn ähmiýet berildi. Şunlukda, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinden has tapawutlanan ýaşlaryň 100-e golaýy baýrakly orunlara mynasyp görüldi. Hödürlenen taslamalar üç ugur boýunça seljerilip, umumylykda, tapawutlanan talyplaryň 26-sy birinji, 41-si ikinji, 77-si bolsa üçünji orunlara eýe boldular.
Bäsleşigiň üç ugrunda birinji orunlary eýelän talyplaryň sany boýunça türkmenistanly ýaşlar öňdeligi eýelediler. Has takygy, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden 10, şeýle hem Russiýa Federasiýasyndan 8, Hytaý Halk Respublikasyndan 1, Rumyniýadan 1, Özbegistandan 1, Belarusdan 2, Gazagystandan 3, Moldowadan hem 2 talyp birinji orna mynasyp boldy. Baýrakly orunlary eýelänler Diplomlar bilen sylaglanyldy.
Gurban GURBANOW.
(Öz habarçymyz).



















