Tejribäniň möhüm ähmiýeti
Häzirki döwürde ylym-bilimiň, sanly tehnologiýalaryň we innowasion ösüşiň giň gerime eýe bolmagy ýokary okuw mekdepleriniň öňünde täze wezipeleri goýýar. Bu wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, öňdebaryjy bilim tejribelerini öwrenmek, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we ýaşlary döwrebap tehnologiýalara erk edip bilýän ýokary hünärli hünärmenler hökmünde taýýarlamak aýratyn ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlyk ýokary okuw mekdepleriň arasynda özara tejribe alyşmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Bu halkara hyzmatdaşlygyň taslamasy hökmünde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde döredilen «Lu Ban ussahanasyny» görkezmek bolar.
«Lu Ban ussahanasy» häzirki zaman tehnologiýalaryny öwrenmek bilen, nazary bilimleri amaly taýýarlykda ulanmagy utgaşdyrýan bilim meýdançasy hökmünde çykyş edýär. Onuň mümkinçilikleri mugallymlaryň we talyplaryň döwrebap enjamlar, programma üpjünçiligi we sanly gurallar bilen işlemek başarnyklaryny ösdürmäge, hünär meseleleriniň çözgütlerini öwrenmäge hem-de halkara tejribesinden netijeli peýdalanmaga şert döredýär. Ussahananyň işi okatmagyň mazmunyny döwrebaplaşdyrmaga, täze bilim usullaryny özleşdirmäge we ýokary hünär bilimi bilen önümçilik ulgamynyň arasyndaky baglanyşygy pugtalandyrmaga ýardam berýär.
Halkara hyzmatdaşlygyň dowamly häsiýete eýe bolýandygyny görkezýän möhüm ugurlaryň biri hem Hytaýyň Hebeý Nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary üçin şu ýylyň 24 – 31-nji oktýabry aralygynda hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny guramagydyr. «Lu Ban ussahanasynyň» çäklerinde geçirilýän bu okuwlar tejribe alyşmagyň, döwrebap tehnologiýalary özleşdirmegiň we hünär başarnyklaryny kämilleşdirmegiň netijeli görnüşi bolup durýar. Hytaýly kärdeşlerimiziň öz bilimlerini, tejribelerini we amaly iş usul-
laryny paýlaşmagy mugallymlaryň hünär taýdan ösmegine, talyplaryň bolsa täze bilimleri özleşdirmegine mümkinçilik berýär. Hünär kämilleşdiriş okuwlarynyň möhüm ugurlarynyň biri-de, häzirki zaman sanly tehnologiýalary we emeli aňyň mümkinçiliklerini öwrenmek bilen baglanyşyklydyr.
Emeli aňyň bilim ulgamynda ulanylmagy diňe bir maglumatlary çalt işlemek ýa-da dürli meseleleriň çözgütlerini tapmak bilen çäklenmeýär. Ol maglumatlary seljermek, döredijilikli pikirlenmek, özbaşdak çözgütleri işläp taýýarlamak we alnan netijelere tankydy baha bermek ýaly başarnyklary ösdürmek üçin hem täze mümkinçilikleri açýar.
Nebitgaz pudagynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýetiniň barha artýan häzirki şertlerinde emeli aňy öwrenmek möhümdir. Maglumatlary işlemek, tehniki görkezijileri seljermek, önümçilik işlerini kämilleşdirmek we tehnologik çözgütleri bahalandyrmak ýaly ugurlarda sanly gurallardan peýdalanmak geljekki hünärmenleriň amaly taýýarlygyny güýçlendirmäge mümkinçilik berýär. Şu nukdaýnazardan, «Lu Ban ussahanasynyň» çäginde alnyp barylýan okuwlar nebitgaz pudagynyň hünär taýýarlygyny sanly tehnologiýalaryň ösüşi bilen utgaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Maral GELDIÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.



















