Durnukly ulag — röwşen geljek
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ulag ulgamynyň köptaraply ösdürilmeginiň ähmiýeti barha artýar. Munuň özi milli ykdysadyýetiň ösüşine, Türkmenistanyň Ýewraziýanyň söwda-ulag ýollarynyň möhüm çatrygynda çäk taýdan ýerleşişiniň amatlyklaryndan dolulygyna peýdalanmaga şert döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän syýasy ugruna laýyklykda, Türkmenistan ulagyň ähli görnüşiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny hem-de infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrýar, geljegi uly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek bilen, durnukly ösüşiň, ählumumy abadançylygyň bähbitlerine ulag diplomatiýasyny barha ilerledýär.
Ulag ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň hem-de tutuş dünýäde durnukly ösüşiň wajyp şertleriniň biridir. Munuň özi dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we deňagramlylygyna gönüden-göni täsirini ýetirýär. Geçmişde bolşy ýaly, häzirki wagtda-da Türkmenistan Ýewraziýa giňişliginde wajyp orny eýelemek bilen, Gündogar bilen Günbatary baglanyşdyrýan ulag geçelgesi, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly köpri bolup hyzmat edýär. Türkmenistanyň öňe süren «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» konsepsiýasy bilelikde gülläp ösmegiň bähbidine hyzmatdaşlyk, özara düşünişmek, ynanyşmak köprülerini gurmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň çäklerinde üstaşyr ulag geçelgelerini hem-de esasy logistika merkezlerini döretmek arkaly hyzmatdaşlygyň täze geljegi açylýar. Bu bolsa diňe bir dürli sebitlerde ykdysady ösüşe ýardam bermek bilen çäklenmän, halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hem hyzmat edýär.
Hormatly Prezidentimiz: “Geljek iň uly halkara we sebit deňiz, derýa, awtomobil we demir ýollaryna hem-de howa merkezlerine çykmak, olaryň amatly utgaşmasy we hersiniň artykmaçlygyndan peýdalanmak bilen birleşdirilen ulag aragatnaşyk ulgamyna degişlidir” diýip belleýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda köpugurly ulag ulgamy maksatnamalaýyn esasda ösdürilýär. Taryhy taýdan gysga wagtda ýurdumyzda halkara ähmiýetli demir ýol, awtomobil, deňiz-derýa hem-de howa ulaglarynyň multimodal düzümi kemala getirildi. Şonuň ýaly-da, dürli ulag akymlarynyň birikmelerinde logistik merkezler, aragatnaşyk we hyzmat nokatlary döredildi. Tejen — Sarahs — Maşat, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran, Türkmenabat — Kerki, Aşgabat — Garagum — Daşoguz, Kerki — Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy demir ýollaryny ýurt we halkara ähmiýetli demir ýollaryň hatarynda görkezmek bolar. Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça hereket edýän halkara üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek hakynda Eýranyň, Omanyň, Kataryň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Hökümetleriniň arasynda baglaşylan Ylalaşyk (Aşgabat Ylalaşygy), üstaşyr ulag hyzmatdaşlygy hakynda «Lapis Lazuli» Ylalaşygy hem multimodal ulag düzümlerini ösdürmäge gönükdirilen tagallalaryň aýdyň beýanydyr. Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek we multimodal gatnawlary döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) çäklerinde-de degişli işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň ulag-logistika ýaly geljegi uly ugurda BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmegi dünýä ykdysadyýetiniň ählumumy goşulyşmak häsiýeti bilen baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň ulag infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirilýär. Munuň özi Türkmenistanyň halkara ähmiýetli iri ulag ýollarynyň çatrygy hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrýar. Şu ýylyň 4-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýurdumyzyň demirgazyk sebitini paýtagtymyz bilen birleşdirjek Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berildi. Daşoguz welaýatynda birnäçe täze desganyň düýbüni tutmak we ulanmaga bermek mynasybetli geçirilen dabarada eden çykyşynda döwlet Baştutanymyz ata-babalarymyzyň parasatly däplerini dowam etdirmek bilen, Türkmenistanda täze ýollardyr köprüleriň gurulýandygyny nygtady. Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik Garabogaz — serhetýaka böleginiň ulanmaga berilmegi bolsa Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň aýrylmaz bölegi bolan bu ýol-ulag infrastrukturasynyň halkara ähmiýetli ulag ugurlarynyň möhüm bölegine öwrülmegini şertlendirer.
Häzirki wagtda Türkmenistan ulag diplomatiýasynyň wajyp merkezleriniň biri hökmünde öz ornuny has-da berkidýär. Diňe soňky ýyllarda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda, BMG-niň agza döwletleriniň biragyzdan goldamagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy ulag ulgamynda birnäçe Kararnamany kabul etdi. Şolaryň arasynda 2023-nji ýylda kabul edilen, 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama-da bar. Türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynda «BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 — 2035-nji ýyllar üçin)» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem bu babatda netijeli ädim boldy.
Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy meselesi ýokary derejedäki ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklarda, hormatly Prezidentimiziň dürli halkara meýdançalardaky çykyşlarynda-da üns merkezinde saklanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz 9-njy oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk edýän döwründe sebitleriň ulag-logistika kuwwatyny ösdürmegi bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň 2029-njy ýyly «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ulag arabaglanyşygynyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyna ünsi çekdi. Bu ýylyň esasy wezipeleri ulag infrastruktura taslamalaryna, halkara ugurlara, sanlylaşdyrmaga, multimodal arabaglanyşyga, düzümleýin päsgelçilikleri aradan aýyrmaga bagyşlanar. Türkmenistan GDA ýurtlarynyň durnukly ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda işjeň orun eýelemäge, hususan-da, Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan edilen 2026 — 2035-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygynyň maksatlaryny we wezipelerini durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşjakdygyna ynam bildirýär.
Umuman, ulag ulgamynyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak we netijeli dolandyrmak, bu wajyp ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmäge, ählumumy ösüşiň häzirki zaman meýillerini nazara alyp, ulag diplomatiýasyny has-da ilerletmäge mynasyp goşantdyr.
Muhammetrahym ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty.



















