“Hytaý kalligrafiýasynda halk pähimleriniň estetik sazlaşygy” atly onlaýn ders bäsleşigi
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçiriljek “Hytaý kalligrafiýasynda halk pähimleriniň estetik sazlaşygy” atly onlaýn ders bäsleşigiň
DÜZGÜNNAMASY
I. Umumy düzgünler
Düzgünnama Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda 2026-njy ýylyň noýabr aýynyň 2-sinde “Hytaý kalligrafiýasynda halk pähimleriniň estetik sazlaşygy” atly onlaýn ders bäsleşigini (mundan beýläk – bäsleşik) guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär.
II. Bäsleşigiň maksady we wezipeleri
2.1. Alym Arkadagymyzyň “Ýaşlarymyzy ylma-bilime, döredijilik işlerine höweslendirmek, ýokary watançylyk, päk ahlaklylyk we belent ynsanperwerlilik ruhunda terbiýelemek elmydama biziň baş maksadymyz bolmagynda galýar” diýen ganatly sözlerinden ugur alyp, talyp ýaşlaryň amaly we nazary bilimlerini kämilleşdirmek, olaryň sözleýşini ösdürmek we gözýetimini has-da giňeltmek;
2.2. Hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza, Watanymyza, halkymyza wepaly, ýiti zehinli we başarjaň ýaşlary ýüze çykarmak;
2.3. Türkmenistanyň baky Bitaraplygyny şöhratlandyrýan hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri ýaş nesillerde ösdürmek;
2.4. Daşary ýurt dillerini öwrenýän talyp ýaşlaryň häzirki wagtda ileri tutulýan, sözleýiş ukyplaryny ösdürmäge, suhangöýlük, dilewarlyk başarjaňlygyny kämilleşdirmäge, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga ýardam bermek;
2.5. Daşary ýurt dillerinde onlaýn görnüşinde bäsleşik geçirmek bilen talyp ýaşlaryň innowasion tehnologiýalardan peýdalanyp bilmek başarnyklaryny artdyrmak;
2.6. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary we özara hyzmatdaşlygy berkitmek.
III. Bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň tertibi
3.1. Bäsleşik 2026-njy ýylyň noýabr aýynyň 2-sinde sagat 1500-da ZOOM platformasynda wideo baglanyşyk arkaly geçiriler;
3.2. Bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň “Hytaý dili we edebiýaty” hünäri boýunça bilim alýan hem-de hytaý dilini ders hökmünde öwrenýän talyplar gatnaşyp bilerler;
3.3. Bäsleşige ýurdumyzyň her bir ýokary okuw mekdebinden 6 (alty) talyp gatnaşyp biler;
3.4. Bäsleşige gatnaşýan talyplara hytaý kalligrafiýasyny halk pähimleriniň, nakyllarynyň ýazylyşyny estetik sazlaşyk (owadan ýazmak) arkaly ýazga geçirmeklik tabşyrylar;
3.5. Bäsleşigiň ýumuşlary onlaýn wideo baglanyşygyň çatynda goýlar we olary ýerine ýetirmeklik üçin gatnaşyjylara 45 (kyrk bäş) minut wagt berler;
3.6. Bäsleşik tamamlanandan soňra gatnaşyjylar wideo baglanyşykdan çykmazdan öz jogaplaryny kafedragundogar@gmail.com elektron salga 10 (on) minudyň dowamynda ugratmaly;
3.7. Jogaplary bellenilen tertipde ugratmak işi jogapkär mugallym tarapyndan web-kameranyň öňünde ýerine ýetirilmeli;
3.8. Gatnaşyjylar baradaky maglumatlar goşunda laýyklykda taýýarlanyp, 2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň 28-ine çenli kafedragundogar@gmail.com elektron salga ugradylmaly.
IV. Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemek we sylaglamak
4.1. Bäsleşiginiň netijeleri jemlenende hünär ugry “Hytaý dili we edebiýaty” bolan talyplaryň işleri hem-de hytaý dilini ders hökmünde öwrenýän talyplaryň işleri aýratynlykda bahalandyrylar;
4.2. Bäsleşige hödürlenen işleriň netijeleri eminler topary tarapyndan seljerilýär we ýeňijiler kesgitlenilýär;
4.3. Bäsleşigiň netijeleri baradaky maglumatlar 2026-njy ýylyň 9-njy noýabryna çenli Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň web-saýtynda (www.tdmugi.edu.tm) ýerleşdiriler;
4.4. Bäsleşigiň ýeňijileri Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň diplomlary bilen sylaglanar.
Habarlaşmak üçin,
Tel.:+99362651259, +99364209573.
Elektron poçta: kafedragundogar@.gmail.com
Goşundy
Onlaýn bäsleşige gatnaşyjy we oňa jogapkär barada
MAGLUMAT
|
Ýokary okuw mekdebiň ady |
|
|
Talybyň familiýasy, ady we atasynyň ady |
|
|
Hünäri (taýýarlygyň ugry) |
|
|
Okuw ýyly |
|
|
Elektron poçtasynyň salgysy |
|
|
Telefon belgisi |
|
|
Jogapkär mugallymyň familiýasy, ady we atasynyň ady, telefon belgisi
|
|



















