Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Matematika” hem-de “Fizika” dersleri boýunça bäsleşik
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynda “Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara we öňdebaryjy tejribelere laýyk kämilleşdirmek, ýaş nesillerimizi milli hem-de umumyadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek biziň alyp barýan bilim syýasatymyzyň baş maksadydyr” diýen sözlerinden ugur alyp, “Ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda bilim boýunça özara hyzmatdaşlygy üpjün etmek hakynda” Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2022-nji ýylyň 7-nji martynda çykaran 77-nji buýrugyny ýerine ýetirmek we maksada okgunly, tebigy zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary höweslendirmek hem-de halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmak maksady bilen, “Matematika” we “Fizika” dersleri boýunça bäsleşigini geçirmek boýunça şu Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.
1. Umumy düzgünler
Düzgünnama orta hünär okuw mekdepleriň talyplarynyň “Matematika” we “Fizika” dersleri boýunça bäsleşigini guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, olary geçirmegiň tertibini kesgitleýär.
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly aralaşýan döwründe esasy mesele hökmünde Watana, halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, ýiti zehinli, döredijilik ukyply, başarjaň ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr.
Şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi Türkmenistanyň okgunly ösýän bazar ykdysadyýetiniň innowasion tehnologiýaly pudaklary üçin ylmy gözleglere ukyply, çylşyrymly meselelere özbaşdak çözgüt tapyp bilýän zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam edýär.
Ders bäsleşiginiň maksady:
- talyplara özbaşdak pikirlenmegi, özbaşdak işlemegi, ylmy sygymly meselelerden baş alyp çykmagy öwretmek;
- tebigy we takyk ylmy ugurlaryna degişli dersleri çuňňur öwrenmäge hem-de nazaryýetde alan bilimlerini tejribede ulanmagy başarmaga höwes döretmek;
- ýaşlarda ýeňişe bolan erki terbiýelemek, şeýle hem gatnaşýanlaryň öz intellektual ukyplaryny açyp görkezmeklerine mümkinçilik döretmek.
2. Ders bäsleşiginiň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi
2.1. Ders bäsleşigini guramak we geçirmek boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Guramaçylyk topary döredilýär. Guramaçylyk toparynyň düzümi Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.
Guramaçylyk topary:
- Ders bäsleşigini geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de bäsleşigi guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk işleri alyp barýar;
- Ders bäsleşigini geçirmegiň tertibini we möhletini kesgitlemek boýunça teklipleri hem-de usulyýet we gözükdiriji gollanmalaryny taýýarlaýar;
- Gatnaşyjy orta hünär okuw mekdepleriniň wekilleri bilen dersler boýunça olimpiada ýumuşlaryny işläp taýýarlamak boýunça işleri alyp barýar;
- Ders bäsleşigine gatnaşyjylaryň ýüztutmalaryna seredýär we arza-şikaýat we şahsy ýüztutmalar boýunça düşündiriş işleri alyp barýar.
3. Ders bäsleşigini guramagyň we geçirmegiň tertibi
3.1. Ders bäsleşigi 2026-njy ýylyň noýabr aýynyň 27-sinde sagat 10:00-da matematika dersinden hem-de sagat 15:00-da fizika dersinden Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň web saýtynyň (www.tituki.edu.tm) binýadynda geçiriler. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýerleşýän orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary bäsleşige institutyň okuw binasynda, welaýatlarda ýerleşýän orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary bolsa onlaýn görnüşde gatnaşarlar. Onlaýn gatnaşmak üçin ZOOM wideo çatyň salgysy bäsleşik geçiriljek güni sagat 09:00-da institutyň web saýtynda (www.tituki.edu.tm) ýerleşdiriler;
3.2. Dersler boýunça bäsleşik orta hünär okuw mekdepleriň okuw meýilnamalarynyň umumy matematiki we tebigy-ylmy dersler toplumlarynyň “Fizika” hem-de “Matematika” dersleri boýunça onlaýn görnüşde geçirilýär. Dersler boýunça soraglar Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriň Döwlet bilim standartlarynyň talaplaryna laýyklykda kesgitlenýär.
3.3. Ders bäsleşigi pudak tabynlygyna we guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan ähli orta hünär okuw mekdepleriniň dürli ugurlarynyň, hünärleriniň orta hünär bilim maksatnamalary boýunça okaýan talyplary gatnaşyp bilerler.
3.4. Ders bäsleşiginiň iş dili – türkmen dilidir.
3.5. Ders bäsleşigine her ders boýunça öz orta hünär okuw mekdeplerinde iň gowy netijeleri görkezen talyplaryň üç sanysy çagyrylýar.
3.6. Bäsleşige “Fizika” dersinden fizikanyň ähli bölümlerden saýlanyp alynan jemi on sany mesele hödürlener. Ýumuşlary çözmek üçin 180 minut (3 sagat) wagt berler. “Matematika” dersinden hem bäsleşige ähli bölümlerden saýlanyp alynan jemi on sany mesele hödürlener. Ýumuşlary çözmek üçin 180 minut (3 sagat) wagt berler.
3.7. Ders bäsleşigi şahsy we toparlaýyn bäsleşik tertibinde geçirilýär.
3.8. Ders bäsleşiginiň Eminler toparyna Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň degişli kafedralarynyň tejribeli mugallymlaryň we administrasiýa wekilleri girýär hem-de bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitleýär. Eminler toparynyň düzümi Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory tarapyndan tassyklanýar.
3.9. Ders bäsleşige gatnaşyjylaryň, topar ýolbaşçysynyň üsti bilen arz-şikaýat etmäge hukugy bardyr.
3.10. Arz-şikaýat ýüz tutmalar Eminler topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijäni toparyň başlygy kesgitleýär, onuň ahyrky çözgüdi üýtgewsizdir.
4. “Matematika” hem-de “Fizika” dersleri boýunça online ders bäsleşiginiň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi
4.1. “Matematika” we “Fizika” dersi boýunça bäsleşige gatnaşyjylaryň şahsy orunlary toplanan ballarynyň jemi boýunça Eminler topary tarapyndan kesgitlenýär.
4.2. Bäsleşigiň dersler boýunça netijeleri teswirnamalar arkaly resmileşdirilýär we Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.
4.3. Bäsleşigiň dersler boýunça ýeňijileri I, II, III derejeli diplomlar bilen sylaglanýar.
4.4. Ders bäsleşiginiň meselelerini adaty däl ýol bilen çözen talyplar Aýratyn diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanýar.
Ders bäsleşigi boýunça goşmaça maglumatlar institutyň web saýtynda ýerleşdiriler!



















