Новости
325
«Takyk ulgam» IT kompaniýasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde «Tölegsiz web saýt» hyzmatlaryny ýola goýup başlaýandygyny habar berdi.
Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistanda sanly ulgamy ösdürmek, bu ugurda dünýäniň iň häzirki zaman gazananalary ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna ornaşdyrmak bilen bagly zerur işler alnyp barylýar. «Tölegsiz web saýt» hyzmatynyň maksady hem «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» durmuşa geçirilmegine goşant goşmakdan, şeýle-de ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerini giňeltmekden we döwletimiziň ähli pudakylarynyň, edara-kärhanalarynyň sanly ykdysadyýete geçmegine ýakyndan ýardam bermekden ybaratdyr.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagatyçylar we telekeçiler bileşmesiniň degişli düzümleri ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlaryny sanlylaşdyrmak işine ýakyndan ýardam berýärler. Sanly hyzmatlary ýola goýmak, ýerine ýetirip bermek bilen bagly iş alyp barýan IT kompaniýalary öz işlerini döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda guraýarlar. «Tölegsiz web saýt» hyzmaty hem munuň aýdyň mysalydyr.
Mugt web saýtlaryny döredip bermek bilen baglanyşykly taslamasynyň çäklerinde «Takyk ulgam» IT kompaniýasy serwer gurnamak, müşderiniň e-poçta salgysyny düzmek, sahypanyň maglumatlar bilen üpjünçiligini baýlaşdyrmak we ýörite hiç ýerde gaýtalanmaýan dizaýn döretmek ýaly, iň häzirki zaman usullaryna esaslanýan web saýt buýrujynyň hyzmatyna berler.
Web saýt doly işe girizilenden soň, tehniki we maglumat üpjünçilik hyzmatlaryny amatly bahada, şeýle-de kiberhowpsuzlygyň ähli talaplaryna laýyklykda amala aşyrylar. «Tölegsiz web saýt» hyzmatyndan döwlet edaralary, ýurdumyzyň aýry-aýry telekeçileri, kompaniýalarydyr guramalar, şeýle hem işe täze başlap, önümçiligini ýa-da hyzmatyny ýokarlandyrmak we internet ulgamynda meşhurlyk gazanmak isleýänler peýdalanyp bilerler.
«Takyk ulgam» sanly hyzmatlary ýola goýmakda we netijeli iş alyp barmakda 10 ýyldan gowrak tejribesi bolan kompaniýadyr. Kompaniýa web sahypalary, ykjam programmalary we onlaýn maglumat üpjünçiligini ösdürmek üçin hyzmatlary hödürleýär. Bu kompaniýa eýýäm banklar, hususy we jemgyýetçilik kompaniýalary, bölek satuw, metbugat we ministrlikler üçin onlarça iri we uly göwrümli taslamalary durmuşa geçirdi. Iň meşhur we tanalýan taslamalaryň arasynda «Turkmenportal» habarlar we maglumat platformasy, «Duralga» ykjam goşundysy, şäherara awtobuslara petek satmak üçin niýetlenen «Şäherara petek» onlaýn bilet ulgamy, taksi hyzmatyny onlaýn sargyt etmek üçin döredilen «Onlaýn taksi» we «Ynamly taksi» platformalary, Türkmenistanyň ähli muzeýlerine onlaýn syýahat etmek üçin «Wirtual muzeý» taslamasy, Söwda we senagat edarasynyň wirtual sergi taslamasy we beýlekiler bar.
Häzirki wagtda bolsa Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, «Türkmennebit» döwlet konserniniň, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, «Rysgalbank» PTB-nyň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň resmi web saýtlarynyň we olaryň onlaýn hyzmatlar toplumynyň üstünde işleri ýokary derejede, bildirilýän ähli talaplara laýyklykda birkemsiz alyp barýar.
«Takyk ulgam» IT kompaniýasynyň taslamalarynyň köp sanly döwlet baýraklaryna, tapawutlandyryş sylaglaryna, Diplomlara we müşderileriň minnetdarlyk hatlaryna mynasyp bolandygyny ýeri gelende bellemelidiris.
«Takyk ulgam» IT kompaniýasynyň ýerine ýetiren we häzirki wagtda ýokary hilli hyzmat edip duran işleri, umuman, toplan baý tejribesi bilen şu salgyda takyk.com.tm tanşyp bilersiňiz!
«Tölegsiz web saýt» hyzmatyna gatnaşmak üçin, telekeçi ýa-da kompaniýa degişli anketany kompaniýanyň resmi web sahypasyndaky takyk.com.tm arkaly ýa-da edaranyň aşakda görkezilen salgylaryna ýollap bilerler:
Salgysy: Türkmenistan, Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köç., 6-njy bina, 1-nji gat;
Telefon belgisi: +99312 468207; +993 62103143
E-mail: code@takyk.com.tm
Onlaýn ýüzlenme: takyk.com.tm
Resmi web sayty: www. takyk.com.tm
Arzalar 2023-nji ýylyň 30-njy sentýabryna çenli kabul ediler.
Orun sany çäklendirilen.
Ähli soraglaryňyz baradaky jikme-jik maglumatlar üçin kompaniýanyň resmi web sahypasyndan ýa-da +993 62103143 telefon belgisine jaň edip alyp bilersiňiz.
744000, Туркменистан, город Ашхабад, этрап Бактыярлык, проспект Магтымкули, дом 136
© 2025 Министерство образования Туркменистана Инновационный информационный центр. Все права защищены.