Aşgabat
Новости
232
Ýakynda, has takygy «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly şygar bilen geçýän ýylymyzyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynda welaýat we Aşgabat şäher Baş bilim müdirlikleriniň ýanyndaky umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkezleriniň müdirleri, hünärmenleri bilen «Welaýat we Aşgabat şäher Baş bilim müdirlikleriniň ýanyndaky umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkezlerinde pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olaryň mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek boýunça usuly-amaly okuwlaryň guralyşy» atly sanly ulgam arkaly usuly-amaly okuw maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ylalaşylan Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň hünär kämilleşdiriş okuwlarynyň 2025-nji ýyl üçin meýilnamasyna laýyklykda geçirilen bu okuw-usuly maslahata bilim işgärleriniň 30-sy gatnaşdy.
Okuw-usuly maslahatda uly üstünliklere, guwandyryjy we buýsandyryjy wakalara beslenip geçen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ýylymyzyň dowamynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň hem-de Baş bilim müdirlikleriniň ýanyndaky umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkezleriniň binýatlarynda geçirilen pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyryş usuly-amaly okuwlaryň jemleri we «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly ýylymyzda bu möhüm ugurda öňde durýan wezipeler barada täsirli çykyşlar edildi.
Okuw-usuly maslahaty Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň direktory B.Bäşimow giriş sözi bilen açyp, oňa gatnaşýan bilim işgärleri uly umyt-arzuwlar bilen gadam basan Täze 2025-nji ýylymyz ─ «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» bilen mähirli gutlady hem-de şu ýylda milli bilim ulgamyny ösüşleriň täze belentlikerine çykarmakda uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi. Geçen ýylda ýurdumyzyň pedagogik işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak we mugallymçylyk ussatlygyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça gir gerimli işleriň alnyp barylandygyny, şunda welaýat we Aşgabat şäher Baş bilim müdirlikleriniň ýanyndaky umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkezlerine hem möhüm ornuň degişli bolandygyny nygtap belledi. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» atly şu ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda giň gerimde durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleriniň çäklerinde işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olara usuly kömekleri bermekde wajyp wezipeleriň öňde durýandygyna okuw-usuly maslahatna gatnaşanlaryň ünsüni çekdi.
Milli bilim institutynyň Bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory S.K.Durdyýew öz çykyşynda geçen ýylyň dowamynda Milli bilim institutynyň binýadynda guralan we geçirilen hünär kämilleşdiriş usuly-amaly okuwlar, olaryň many-mazmuny, bu möhüm ugurda toplanylan oňyn tejribeler hem-de şu ýylda öňde durýan wezipeler barada giňişleýin durup geçdi. Ol usuly-amaly okuw maslahatyna gatnaşanlaryň ünsüni geçen 2024-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Karary bilen tassyklanan hem-de 2024-2025-nji okuw ýylynda badalga alan möhüm resminama ─ «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» hem-de «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda» anyk kesgitlenen maksatlara we wezipelere, ýerine ýetirilmeli çärelere çekdi. Pedagogik işgärleri taýýarlamakda, gaýtadan taýýarlamakda, olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmakda, bilimlerini we başarnyklaryny, pedagogik ussatlygyny yzygiderli ösdürmekde okatmagyň häzirki zaman usullarynyň ornaşdyrylmagyna, bu möhüm ugurdaky işleri nazaryýet we tejribe taýdan yzygiderli gowulandyrmaga, bilim edaralarynda halypa-şägirt gatnaşyklaryny guramagyň we alyp barmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge degişli wajyp wezipeleri üstünlikli çözmekde pedagogik işgärler bilen geçirilýän hünär kämilleşdiriş okuwlaryň hiline we mazmunyna örän uly ornuň degişli bolup durýandygyny aýratyn nygtap belledi. Şeýle hem, ol Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2024-nji ýylyň 23-nji iýulyndaky 244/1 belgili buýrugy bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny durmuşa geçirmekde edilmeli işleriň sanawynda» hem-de Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2024-nji ýylyň 15-nji awgustyndaky 263 belgili buýrugy bilentassyklanan «Bilimiň hilini, ýagny mekdep okuwçylarynyň okaýyş, matematika we tebigy dersler boýunça bilim derejelerini bahalandyrýan halkara maksatnamalarynyň (PISA, TIMSS, PIRLIS maksatnamalary) görkezijilerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça işleri alyp barmak we olaryň esasynda yzygiderli seljermeleri geçirmek» baradaky çäräni ýerine ýetirmegiň Ýol kartasynda» bellenilen çäreleriň durmuşa geçirmek boýunça bilim işgärleriniň arasynda giň gerimli düşündiriş, wagyz işlerini alyp barmagy, usuly-amaly okuwlary guramagyň ýollary barada gymmatly ylmy-usuly maslahatlary berdi.
Okuw-usuly maslahatda Milli bilim institutynyň Zähmet we hünär okuwy bölüminiň müdiri B.Geldiýew, Tebigy we takyk bilimler bölüminiň müdiri G.Şadurdyýew, Mekdebe çenli terbiýe we başlangyç bilim bölüminiň müdiri O.Matalowa, Jemgyýetçilik bölüminiň müdir O.Meläýewa hem çykyş edip, ýolbaşçylyk edýän bölümleri boýunça geçen 2024-nji ýylda ýurdumyzyň pedagogik işgärleri üçin geçirilen usuly-amaly okuwlar, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly şygar bilen geçýän şu ýylymyzyň dowamynda her bölüm boýunça guralmagy meýilleşdirilen usuly-amaly okuwlar, olaryň many-mazmuny, orny we ähmiýeti barada durup geçdiler.
Okuw-usuly maslahatyň dowamynda Baş bilim müdirlikleriniň ýanyndaky umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkezleriniň müdirleriniň we hünärmenleriniň çykyşlaryna möhüm orun berildi. Olar öz çykyşlarynda hünär derejesini ýokarlandyryş merkezlerde 2024-nji ýylda pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olaryň mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek boýunça usuly-amaly okuwlaryň guralyşynyň netijeleri hem-de 2025-nji ýylda bu ugurda öňde durýan wezipeler barada jikme-jik durup geçdiler. Milli bilim institutynyň usulyýetçi alymlarynyň we ylmy işgärleriniň usuly maslahatlaryny diňlediler, kärdeşleri bilen özara pikir alyşdylar.
Okuw-usuly maslahata gatnaşan usulyýetçi alymlar, ylmy we pedagogik işgärler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz halkymyza sowgat beren täze «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitabynda: «Işine ussat kişi tejribesini kämilleşdirip, onuň hünäri köpe gerekli bolar. Ýöne ol öz barlyk dünýäsiniň bir ýagdaýyny saklamak üçin ömür öwrenip gezýär. Wagt tapmasaňam öwrenmeli. Käte öwrenmek islegi, iýip-içmek islegindenem beter ýüregiň kararyny alýar. Şonda-da öwrenip, hiç haçan zyýana galan ýok» diýen çuňňur pähim-parasada ýugrulan wesýetlerine eýerip, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly şygar bilen geçýän şu ýylymyzyň dowamynda ýurdumyzyň pedagogik işgärleri üçin guralmagy meýilleşdirilen usuly-amaly okuwlaryň baý many-mazmunly, gyzykly we täsirli, ýokary netijeli bolmagyny gazanmak ugrunda yhlasly we döredijilikli zähmet çekjekdiklerini bellediler.
Okuw-usuly maslahata gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, her bir pedagogik işgäriň döredijilikli zähmet çekmäge, dynç almaga, öz hünär derejesini ýokarlandyrmaga we mugallymçylyk ussatlygyny has-da kämilleşdirmäge döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çyn ýürekden çykýan sagbolsunlaryny aýtdylar. Alym Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli we umumadamzat ähmiýetli tutumly işleriniň hemişe uly rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Sapargeldi DURDYÝEW
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň Bilim
işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş bölüminiň müdiri,
biologiýa ylymlarynyň doktory
744000, Туркменистан, город Ашхабад, этрап Бактыярлык, проспект Магтымкули, дом 136
Takyk ulgam. Все права защищены. 2024