Aşgabat
Новости
64
2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň 29-yna Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyp ýaşlary okuwlaryndan boş wagtlaryny peýdaly geçirmek maksady bilen Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç guradylar. Gezelenjiň dowamynda talyp ýaşlar muzeý gymmatlyklaryň her biri bilen giňişleýin tanyşdylar. Muzeýiň ylmy işgärleri halkymyzyň köküni asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýtýan baý milli mirasymyzyň ýaşlaryň terbiýesindäki orny, olarda watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ruhubelentlik ýaly asylly häsiýetleri ösdürmekdäki ähmiýeti dogrusynda talyp ýaşlara giňişleýin gürrüň berdiler. Gezelenje gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtýarlar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
744000, Туркменистан, город Ашхабад, этрап Бактыярлык, проспект Магтымкули, дом 136
Takyk ulgam. Все права защищены. 2024