Aşgabat
Новости
90
2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň 30-na Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyp ýaşlarynyň okuwlaryndan boş wagtlaryny peýdaly geçirmek maksady bilen Mary welaýatynyň çägindäki Gadymy Merw Döwlet Taryhy-Medeni goraghanasynyň çägindäki Soltan Sanjaryň kümmetine hem-de Gyzlar gala ýadygärligine gezelenç gurnadylar. Gezelenjiň dowamynda talyp ýaşlar, taryhy tapyndylar we ýadygärlikler baradaky giňişleýin taryhy maglumatlar bilen tanyşdylar. Gezelenje gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtýarlar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
744000, Туркменистан, город Ашхабад, этрап Бактыярлык, проспект Магтымкули, дом 136
Takyk ulgam. Все права защищены. 2024