Aşgabat
Новости
62
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýar. Bu ösüşde uly rowaçlyga beslenýän ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň soňky üç ýylda amala aşyran tutumly işleri biziň halkymyzy bagtyýarlygyň hil taýdan täze belentliklerine, onuň dünýädäki abraý-mertebesini has belent derejelere çykardy. Şol tutumly işleriň barşynda amala aşyrylan işleriň bolsa ähli ugurlarda uly üstünliklere beslenendigini, şonuň bilen birlikde halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda emele getiren milli demokratiýasyny bu babatda adamzadyň häzirki toplan baý tejribesi bilen utgaşdyryp ösdürmekde hem uly öňe gidişlikleriň gazanylandygyny durmuş hakykaty görkezip dur. Muny döwlet gurluşynyň saýlawly institutlaryna saýlawlar, aýratyn-da, Prezident saýlawlary has aýdyň görkezýär. Saýlawlar bolsa demokratik ýörelgeleriň taryhyň synagyndan geçen esasy serişdeleriniň biri.
Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda 2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Ählihalk forumynda kabul edilen çözgüde laýyklykda, mundan üç ýyl öň, 12-nji martda Prezident saýlawlarynyň geçirilip, onda bolsa egsilmez güýç-gaýratly, ýolbaşçylyk işinde uly tejribe toplan Serdar Berdimuhamedowyň döwlet Baştutany wezipesine dalaşgärleriň 9-synyň arasyndan, halkymyzyň uly ynamyna eýe bolmak bilen, Prezident wezipesine saýlanmagy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň, mähriban halkymyzyň taryhynda möhüm syýasy waka boldy.
Halkymyzyň uly ynamyna eýe bolan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bu saýlawlardan soň geçen gysga taryhy döwürde giň gerimli işler durmuşa geçirildi. Ilki bilen bellemeli zat, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen alnyp barylýan işleriň netijesinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ähli ulgamlarynda üstünlikler gazanylýar. Bu döwürde ýurdumyzyň ösüşiniň iň esasy makroykdysady görkezijisi bolan jemi içerki önümiň her ýylda durnukly, yzygiderli, has takygy 6,3 göterim derejesinde ösýändigi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu görkezijiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ähli toplumlarynda hem ýokary derejesiniň gazanylýandygy ýurdumyzda ähli ulgamlaryň özara sazlaşykly, durnukly ösýändigine şaýatlyk edýär.
Soňky üç ýylyň dowamynda ýurdumyzyň ösüşinde uly işleriň edilýändigi iňňän buýsandyryjydyr. Ilki bilen, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna degişli uly kärhanalaryň birnäçesiniň açylyp, halkyň hyzmatynda goýulandygyny bellemek gerek. Şolaryň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Prezident wezipesine girişen ilkinji ýyly – 2022-nji ýylda Ahal welaýatynyň Kaka hem-de Babadaýhan etraplarynda dünýäniň iň öňdebaryjy enjamlary bilen enjamlaşdyrylan dokma toplumlarynyň işe girizilendigi, ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda ilatymyzyň azyk bolçulygyny üpjün etmek hem-de öndürilen önümleriň bir bölegini dünýä bazarlaryna çykarmaga mümkinçilik berýän ýyladyşhanalaryň düýbüniň tutulyp ulanylmaga berilmegi döwletimiziň hemmetaraplaýyn höweslendirmegi esasynda telekeçiligiň çalt depginde ösdürilmegi netijesinde halka gerek bolan dürli hili önümleri öndürýän önümçiligiň çalt depginde ösdürilmegi we beýlekiler bar.
Bu işiň özi soňky ýyllarda has giň gerimde alnyp baryldy. Şu babatda alnanda, geçen 2024-nji – “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda” halkymyzyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegi üçin Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynda her günde 30 müň kub metr, Tejen etrabynda 25 müň kub metr, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda 150 müň kub metr arassa agyz suwuny öndürýän toplumlaryň, ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde-de şular ýaly desgalaryň birnäçesiniň işe girizilmegi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan iňňän ynsanperwer syýasatyny bütin aýdyňlygy bilen subut edýär. Şol bir wagtda ýurdumyzda alnyp barylýan bu ynsanperwer syýasatyň ýurdumyzda azyk howpsuzlygynyň ygtybarly üpjün edilmegine gönükdirilendigini 2024-nji ýylda zähmetsöýer daýhanlarymyzyň 1 million 400 müň tonnadan gowrak guşgursak dänäni öndürip, Watan harmanyna tabşyrandyklary, oba hojalyk önümleriniň beýleki görnüşleriniň bolçulygyny emele getirendikleri aýratyn bellemäge mynasypdyr.
Bu aýdylanlar hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen alnyp barylýan işleriň ählisiniň biziň ýurdumyzda adam hakdaky aladanyň birinji orunda goýulýandygyny görkezýär. Muny ýurdumyzda ýaşaýan adamlar üçin häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň giň gerimde alnyp barylýandygy hem aýdyň subut edýär. Onsoňam, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen diňe bir ýaşaýyş jaý toplumlary däl, eýsem, häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän, ähli amatly şertleri özünde jemleýän tutuş obalaryň, şäherçeleriň, şäherleriň gurulýandygy hemmelere mälimdir. Şu babatda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, hormatly Prezdentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen birinji tapgyry gurlup, 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda dabaraly ýagdaýda açylan we häzirki wagtda ikinji tapgyrynyň gurluşygy çalt depginde alnyp barylýan, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag atly “akylly” şäher aýdyň mysaldyr. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda bu şäheriň ilkinji tapgyrynyň dabaraly açylyşynyň barşynda dünýäniň belli kompaniýalarynyň bu şäheriň hiline baha berýän güwänamalarynyň 21-isine eýe bolmagy, 2024-nji ýylda bolsa Koreýa Respublikasynda geçirilen forumda bu şäheri ýokary derejede bahalandyrýan ýene-de üç sany güwänamanyň gowşurylmagy biziň ata-babadan gelýän binagärlik sungatymyzyň XXI asyryň üýtgeşik taryhy şertlerinde döredijilikli ösdürilýändiginiň hem-de munuň dünýäniň dürli halklaryny haýrana goýýandygynyň nyşanydyr. Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň desgalarydyr binalarynyň gurluşygynyň alnyp barylýandygy, onuň çäklerinde bolsa medeni-durmuş maksatly desgalar bilen bir hatarda, bu şäherde ýaşaýan adamlaryň zähmet çekmekleri üçin täze iş orunlaryny döretjek önümçilik maksatly desgalaryň birnäçesiniň gurluşygynyň hem giň gerimde alnyp barylýandygy bu şäheriň geljeginiň iňňän uludygyny görkezýär.
Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynda ata-babalarymyzyň sogap iş hesap edip gelen ýol gurmak, köpri gurmak işine-de hormatly Prezidentimiz uly ähmiýet berýär. Şu babatda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen 2022-nji ýylda goňşy Gazagystan Respublikasy bilen dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyzy mundan bu ýana hem ýygjamlaşdyrmaga uly itergi berjek Garabogaz aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň gurluşygynyň düýbüniň tutulmagy, 2024-nji ýylyň iýun aýynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2029-njy ýylyň aprelinde gurluşygyna başlanan Aşgabat – Türkmenabat aralygynda gurulýan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň 109 kilometrlik Tejen – Mary böleginiň dabaraly ýagdaýda ulanyşa girizilmegi, onuň mundan beýläk Türkmenabada alyp gidýän böleginiň hem gurluşygynyň alnyp barylýandygy, şeýle-de, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde her sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge ukyby bolan Halkara howa menziliniň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrynyň alnyp barylýandygy aýratyn bellemäge mynasypdyr. Bu il-ýurt bähbitli desgalaryň ýakyn wagtlarda halkymyzyň hyzmatynda goýuljakdygy hem halkymyzyň göwnüni galkyndyrýan wakalar bolar diýsek ýalňyşmarys.
Aýratynam, hormatly Prezidentimiziň medeni-ynsanperwer ugurda alyp barýan tutumly işleri biziň halkymyza uly abraý-mertebe getirýär. Muňa geçen, 2024-nji – “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda” beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli durmuşa geçirilen işler bütin aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär. Bu şanly senäniň diňe bir biziň öz ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäniň dürli sebitlerinde dabaraly bellenendigi, bu baýramçylygyň ÝUNESKO-nyň 2024 – 2025-nji ýyllarda halkara derejesinde bellenilýän seneleriň düzümine girizilip, diňe daşary ýurtlarda dabaralaryň 170-e golaýynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigi beýik akyldaryň pähim-paýhasynyň häzirki döwürde-de ähli halklaryň bähbidine laýyk gelýän gymmatlykdygynyň subutnamasydyr. Geçen ýylyň tomsunda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ak şäherimiz Aşgabadyň ilersindäki Köpetdagyň ajaýyp künjeginde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň başyny belent tutup duran 60 metr belentligi bolan heýkeliniň, onuň ýerleşýän ýerinde bolsa Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň döredilmegi, şeýle-de, şol ýerde dünýäniň dürli halklarynyň belli şahsyýetleriniň 24-üsiniň heýkelleriniň ýerleşdirilmegi bu beýik şahsyýetiň dünýäniň ähli halklaryny dost-doganlyga çagyrýandygynyň aýdyň nyşany boldy diýsek hakykatdan daş düşmeris.
Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyza baştutanlyk eden üç ýylynyň içinde berkarar döwletimiziň halkara giňişligindäki mertebesiniň has belent derejelere göterilendigini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiziň dünýäniň dürli sebitlerindäki ýurtlara saparlary, ol ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen geçiren gepleşikleri, gazanan ylalaşyklary, şonuň bilen birlikde, 2023-nji ýylyň sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşyp, onuň belent münberinde çykyş edendigi, şonda bütin ynsanyýetiň bähbitlerine gönükdirilen ynsanperwer başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürendigi, şol başlangyçlar esasynda bolsa bu halkara bileleşiginiň, diňe geçen 2024-nji ýylda möhüm Kararnamalaryň dördüsiniň:“2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”, “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy”, “Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama”, “Birleşen Milletler guramasynyň oýunlary” kabul edilmegi, bu halkara guramanyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygynyň orunbasarlygyna biziň döwletimiziň ýene bir gezek (8-nji gezek) saýlanmagy we beýleki birnäçe wakalar biziň bu aýdanlarymyzy aňryýany bilen tassyklaýar.
Bu gün bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2024-nji ýylyň 21-nji martynda kabul eden “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýen Kararnamasynda beýan edilen şygary baýdak edinip, täze 2025-nji ýyla gadam goýmak bilen, biz hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet Baştutany wezipesine girişmeginiň üç ýyllygyny şunuň ýaly uly üstünlikler, belent mertebe bilen belleýäris.
Bu şanly sene bilan hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy, bütin halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys, hemmelere berk jan saglygyny, maşgala abadanlygyny, ýurt parahatçylygyny arzuw edýäris!
Atajan Burynow,
Magtymguly adyndaky Türkmen
döwlet uniwersitetiniň jemgyýeti
öwreniş ylymlary kafedrasynyň
müdiri, professor
744000, Туркменистан, город Ашхабад, этрап Бактыярлык, проспект Магтымкули, дом 136
Takyk ulgam. Все права защищены. 2024