Aşgabat
Новости
86
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak işi giň gerime eýe bolýar. Bu ugurda çekilýän asylly zähmetiň netijesinde köp işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň XI synpy üçin «Ekologiýa» okuw kitaby (awtorlary: S.Durdyýew, N.Nurberdiýew, Ş.Aşyrmyradowa, R.Durdyýew – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy) neşir edildi. Okuw kitabynyň mazmuny girişden, jemi bäş bapdan, goşundyda ýerleşdirilen amaly işlerden ybarat. Okuw kitabynyň birinji baby «Ekologik täsirler (faktorlar) we gurşawyň mümkinçilikleri», ikinji baby «Ekologiýanyň käbir kanunlary», üçünji baby «Populýasiýalar baradaky ylmy taglymat», dördünji baby «Biosenozlaryň ekologiýasy we onuň kanunalaýyklygy. Biogeosenozlar» we bäşinji baby «Biosfera» diýlip atlandyrylypdyr hem-de her bapda iň wajyp soraglara degişli maglumatlar ýerleşdirilipdir.
«Ekologik täsirler (faktorlar) we gurşawyň mümkinçilikleri» atly bapda ekologik täsir düşünjesi, ekologik täsirleriň toparlara bölünişi (klassifikasiýasy), abiotik we biotik täsirler, populýasiýanyň gürlügine bagly we bagly bolmadyk ekologik täsirler, ekologik faktorlaryň toplumlaýyn täsiri, çäklendiriji täsirler, ýer ýüzündäki ýaşaýyş gurşawlary, ýaşaýyş gurşawy barada düşünje, biogeografik sebitler, biomlar (gury ýer, deňiz we süýji suw biomlary) bilen baglanyşykly temalara degişli maglumatlar getirilýär. «Ekologiýanyň käbir kanunlary» atly bap bedeniň üst ýüzi kanuny, bedeniň öz ýaşaýan gurşawynyň şertleri bilen baglanyşygynyň köpdürlüligi, tolerantlyk kanuny (W.Şelfordyň kanuny), minimum kanuny (Ý.Libihiň kanuny), ekologik tekje barada ylmy taglymat, bedeniň gurluşynyň gurşawyň faktorlary we baýlyklary bilen baglanyşygy, ekologik tekjäniň gaýtadan örtülmegi we alamatlaryň çalşyrylmagy, Gauzeniň düzgüni we biosenozlaryň kemala gelmegi, janly organizmleriň ewolýusiýasynyň ekologik esasy baradaky taglymat bilen baglanyşykly maglumatlary öz içine alýar. «Populýasiýalar baradaky ylmy taglymat» atly bapda bolsa görnüşiň populýasion gurluşy, durnukly nesil öndürmek, populýasiýadaky wekilleriň düzümi, iýerarhiýa, belli bir çägi eýelemek, gürlük, dürli jynslaryň wekilleriniň, ata-eneleriň, nesilleriň, maşgaladaky, guş sürüsindäki, toparlardaky, şeýle hem ýekelikde ýaşaýan wekilleriň özara gatnaşyklary, populýasiýanyň bitewüligi, populýasiýaynyň giňişlikdäki gurluşynyň kemala gelmeginde gurşawyň orny, populýasiýanyň dinamikasy we deňagramlylygy baradaky maglumatlara orun berlipdir. «Biosenozlaryň ekologiýasy we onuň kanunalaýyklygy. Biogeosenozlar» atly bapda bolsa organizmleriň tebigy toparlanmalarynyň gurluşy, ekologik ulgamlar barada düşünje, biosenozyň görnüş düzüminiň gurluşy, biosenozyň giňişlik (morfologik) we iýmit (trofik) gatnaşyklary babatdaky gurluşy, organizmleriň biosenozlardaky ekologik gatnaşyklary, populýasiýalaryň arasyndaky baglanyşyklar, gatnaşyklar, biosenozlaryň durnuklylygy we ekologik ulgamlaryň durnuklaşmagy, ekologik ulgamlaryň biologik önümliligi, piramidalar düzgüni, tebigatda aýlawly üýtgeşmeler (suksessiýalar) bilen baglanyşykly materiallar ýerleşdirilipdir. «Biosfera» atly bapda biosfera baradaky taglymatyň döreýşi we ösüşi, biosferadaky madda we energiýa çalşyklary, biosfera hadysalarynda adamyň orny ýaly temalar öz beýanyny tapypdyr.
Bulardan başga-da, okuw kitabynyň ahyrynda «Mekdebiň okuw-tejribe meýdançasynda ýa-da oňa ýanaşýan çäkde agaçlaryň we gyrymsy agaçlaryň görnüş dürlüligini kesgitlemek» we «Mekdebiň okuw-tejribe meýdançasynda ýa-da oňa ýanaşýan çäkde haýwanlaryň görnüş dürlüligini kesgitlemek» atly temalar boýunça amaly işler ýerleşdirilen.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi
744000, Туркменистан, город Ашхабад, этрап Бактыярлык, проспект Магтымкули, дом 136
Takyk ulgam. Все права защищены. 2024