Aşgabat
Новости
129
Kitap hemişe-de gymmatly hazyna hasaplanylýar. Kitap — özboluşly bir dünýä. Biziň durmuşymyzam kitap bilen berk baglanyşykly. Kitaby biz näme üçin okaýarys?! Elbetde, kämillik ýolunda has-da ilerlemek üçin. Ylym-bilim bizi kämillik ýoluna atarýan bolsa, kitap bize şol ýolda çelgi bolup hyzmat edýär. Halkyň ruhy medeniýetiniň göwher maýasy kitapdadyr. Kitaphanalar ruhy çeşmeleriň jemlenen köşkleridir. Türkmen halky kitaphon halk. Kitaphonlyk — asyrlaryň jümmüşinden geçip, biziň günlerimize gelip ýeten, bize ata-babalarymyzdan miras galan ýagşy häsiýetdir. Her bir adamyň hem kitap bilen dostlaşmagy esasynda, öz durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýýanlygy şübhesizdir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesillerde kitap okamaga söýgi döretmek baradaky beýik başlangyjy esasynda hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 24-nji ýanwaryndaky «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» baş çelgi edinip bilim edaralarynyň kitaphanalarynda geçirilýän «Terbiýäniň çeşmesi – kitap» atly toplumlaýyn çäreleriň çäginde 2025-nji ýylyň 14-nji maýynda Balkan welaýat kitaphanasynda Balkan welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde welaýatyň bilim we kitaphana işgärleriniň gatnaşmagynda mekdep kitaphanalarynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen «Mekdep kitaphanalarynyň işini has-da kämilleşdirmegiň wezipeleri we ýollary» atly usuly maslahat geçirildi. Usuly maslahata welaýatyň etrap, şäher bilim bölümleriniň, Balkanabat şäherindäki umumybilim berýän orta mekdepleriň, welaýatyň çägindäki kitaphanalaryň ýolbaşçylary, degişli hünärmenler, öňdebaryjy mugallymlar gatnaşdylar.
Balkan welaýat kitaphanasynda geçirilen bu usuly maslahatda Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň umumy orta bilim bölüminiň baş hünärmeni A.Berdiýew dabarany açyp, öz çykyşynda mundan beýläk hem mekdep kitaphanalarynyň işini kämilleşdirmek barada mugallymlar we kitaphana işgärleriniň bilelikde gol-gola berip işlemelidiklerini, ýaş neslimiziň kitaba bolan gyzyklanmasynyň, höwesiniň ata-eneler, mugallymlar we kitaphana işgärleriniň tagallasy bilen kemala gelmelidigi barada täsirli mysallaryň üsti bilen eden çykyşy maslahata gatnaşyjylar üçin tejribe sapagy boldy.
Usuly maslahatyň dowamynda Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň umumy orta bilim bölüminiň başlygy Sopy Sopyýewiň, Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň ýanyndaky döwlet umumy bilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkeziniň müdiri Jumageldi Annamämmedowyň, Balkan welaýat çagalar kitaphanasynyň kitaphanaçysy S.Ödäýewanyň eden çykyşlary has-da täsirli boldy. Myhmanlar Balkan welaýat kitaphanasynyň işi bilen tanyş bolup, okalga zallary, obserwatoriýa, elektron kitaphana bilen hem içgin tanyşdylar. Gatnaşyjylar maslahatyň ahyrynda özara pikir alyşdylar.
Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplaryň sergisini dabara gatnaşyjylar uly gyzyklanma bilen synladylar.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylymly-bilimli bolmaklary üçin, halkymyzyň kitaba bolan söýgüsiniň mundan beýlägem artmagy üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan uly işlerine şaýat bolýarys. Ýagny, ýurdumyzyň welaýatlarynda, paýtagtymyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän, doly derejede täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen, şeýle-de kitap gory has-da baý milli kitaphanalarymyz gurlup, ulanylmaga berildi. Bu kitaphanalar ýaş okyjylarymyz üçin bilimleriň çeşmesi bolup hyzmat edýärler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeni mirasymyzy öwrenmekde, gorap saklamakda, geljekki nesillere ýetirmekde ähli tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyşlar aýdyldy hem-de olaryň janlarynyň sag, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi
744000, Туркменистан, город Ашхабад, этрап Бактыярлык, проспект Магтымкули, дом 136
Инновационный информационный центр. Все права защищены. 2024