Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Централизованные услуги и информационный портал Инновационного информационного центра Министерства образования Туркменистана
slogan
Централизованные услуги и информационный портал Инновационного информационного центра Министерства образования Туркменистана
О нас
Новости
Статьи
Изображения
Видео
Конкурсы - олимпиады
Войти

Новости

Sanly bilim

Aşgabatda küşt boýunça çagalaryň arasynda halkara ýaryşy başlar

16.06.2025

317

Aşgabatda küşt boýunça çagalaryň arasynda halkara ýaryşy başlar

Halkara ýaryş Olimpiýa şäherçesiniň binalar toplumyna golaý ýerleşýän Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde geçiriler. Şu gün bu ýerde ýaryşyň açylyş dabarasy bolar. Günüň dowamynda küştüň çalt oýnalýan görnüşleriniň biri bolan rapid boýunça ýaryşlar dowam eder. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, ýaryş 8, 10 we 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda guralýar. Olar üç günüň dowamynda rapidden başga, blitz boýunça hem ýaryşarlar. Bu-da küştüň çalt oýnalýan görnüşleriniň biridir.

Halkara ýaryşa gatnaşyjy döwletleriň sany, Türkmenistan bilen bilelikde, 11-e ýetip, olaryň wekilleri bolsa 200-e golaýlaýar. Aşgabatdaky halkara ýaryşyň medallaryna eýe bolmak üçin Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan, Hindistan, Russiýa, Tailand, Wýetnam, Malaýziýa ýaly ýurtlardan küştçüler Aşgabada geldiler.

Daşary ýurtlaryň wekilçilikli toparlarynyň arasynda ata-eneler, tälimçiler, topar ýolbaşçylary, resmi wekiller hem bar. Ýaryşa Türkmenistandan 80-den gowrak ýaş küştçiniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýeňijileri sylaglamak dabarasy 18-nji iýunda geçiriler.

Türkmen küştçüleriniň bu ýaryşa ýokary taýýarlykly geldiler. Şu ýyl 8 — 12 ýaşa çenli ýaş derejelerindäki türgenler halkara ýaryşlarda ençeme medallara mynasyp boldular. Aprel aýynda çalt oýnamak boýunça Gresiýada geçirilen çagalaryň we ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda 8 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda Anna Çaryýewa bürünç, ýene şol aýda Täjigistanda geçirilen Günbatar Aziýanyň çempionatynda 8 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Çaryhekim Çaryýew, 10 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda Maksat Awlýakulyýew, Myrat Merdanow we Didar Hupbyýew bürünç medallary gazandylar.

neutrality.gov.tm

Похожие новости

Наши партнеры

Цифровые системы

Правила использования данныхПолитика конфиденциальности
Контакт

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Наш адрес

744000, Туркменистан, город Ашхабад, этрап Бактыярлык, проспект Магтымкули, дом 136

Инновационный информационный центр. Все права защищены. 2024