Aşgabat
Новости
29
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda giňden bellenilýän Ylymlar güni bilen Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýüregimden gutlaýan. Türkmenistanyň ylymlar akademiýasynyň hem-de Türkmenistan Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolup, Hormatly Prezidentimiziň şa serpaýyna mynasyp bolmagym meni diýseň buýsandyrýar. Şunuň üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymaza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn!
Döwrebap okuw binalary, ýokary amatlylyklary bolan okuw otaglary hem-de ýokary derejeli tejribe enjamlary bilen enjamlaşdyrlan tejribehanalary bolan ýokary okuw mekdebinde zähmet çekýändigimiz bizi buýsandyrýar. Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimize ylym-bilim bermekde, hünärine ussat inženerleri taýýarlamakda jan aýaman zähmet çekjekdigime Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy şu taryhy pursatda ynandyrýaryn!
Ylmy-döredijilik işlerine giň ýollary açan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymazyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!
Sylap ATAMYRADOW
Ýaş alymlar geňeşiniň başlygy
Inženerçilik ulgamlary we torlary kafedrasynyň mugallymy
744000, Туркменистан, город Ашхабад, этрап Бактыярлык, проспект Магтымкули, дом 136
Инновационный информационный центр. Все права защищены. 2024