Aşgabat
Новости
25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde ata Watanymyz, eziz Türkmenistan bedew bady bilen öňe barýar we gülläp ösýär.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hereket edýän Ýaş alymlar Geňeşinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde tassyklan meýilnamasyna laýyklykda ýokary okuw mekdebinde ýaş alymlaryň, hünärmenleriň ylmy-barlag işlerini, taslamalaryny talabalaýyk alyp barmaklaryny gazanmak hem-de bu ugurda alnyp barylýan işlere seljerme bermek maksady bilen yzygiderli işler geçirilýär.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran “Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakyndaky” Kararyna, şeýle hem şol ýylyň 13-nji noýabrynda çykaran 14488-nji Karary bilen tassyklanylan Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylymly, bilimli, ata Watana, halka wepaly, giň gözýetimli, maksada okgunly, zähmetsöýer we öňdebaryjy nesiller bolup ýetişmeklerini, ýaş alymlaryň täze ylmy we inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasiýa we maglumat-tehnologiki işläp taýýarlamalaryny milli ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrylmagyny üpjün etmek, ylymda halypa-şägirtlik ýörelgelerini rowaçlandyrmak, innowasiýa tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda ýokary netijeleri gazanmak maksady bilen ýaşlaryň arasynda ylymy işler boýunça bäsleşik geçirildi.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň 2025-nji ýylda ylmy işler boýunça bilelikde geçiren bäsleşiginde Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň ýaşlary gatnaşyp üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlary eýeläp Hormatly prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp boldular. Inženerçilik ulgamlary we torlary kafedrasynyň mugallymy Sylap Begenjowiç Atamyradow 1-nji oruna, Ulaglar fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Bagtygül Şöhratowna Orazowan 2-nji oruna, Maglumat tehnologiýalary we awtomatlaşdyrmak kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Döwran Bazargeldiýewiç Rahyýew 3-nji oruna mynasyp boldylar we baýraklar bilen sylaglandylar.
Sylap ATAMYRADOW
Ýaş alymlar geňeşiniň başlygy
Inženerçilik ulgamlary we torlary kafedrasynyň mugallymy
Çeşmesi: Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty
744000, Туркменистан, город Ашхабад, этрап Бактыярлык, проспект Магтымкули, дом 136
Инновационный информационный центр. Все права защищены. 2024