Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Централизованные услуги и информационный портал Инновационного информационного центра Министерства образования Туркменистана
slogan
Централизованные услуги и информационный портал Инновационного информационного центра Министерства образования Туркменистана
О нас
Новости
Статьи
Изображения
Видео
Конкурсы - олимпиады
Войти

Новости

Sanly bilim

MEDENIÝET – HALKYŇ RUHY BAÝLYGYDYR

13.06.2025

25

MEDENIÝET – HALKYŇ RUHY BAÝLYGYDYR

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda ýurdumyzda giňden bellenip geçilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “MEDENIÝET – HALKYŇ RUHY BAÝLYGYDYR” atly institutyň kitaphana bölümi bilen bilelikde edebi-sazly wagyz-nesihat baýramçylyk çäresi geçirildi.

Dabarada edilen çykyşlarda asyrlarboýy dowam edip gelýän ruhy gymmatlyklarymyza uly sarpa goýýan hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzda her ýylyň iýun aýynyň 27-sine Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi uly dabara bilen döwlet derejesinde bellemek asylly däbe öwrülendigi beýan edildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda merdana türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň, abadançylygynyň baýramy saýylýan Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni jemgyýetde milli jebisligiň, rowaçlygyň, berkararlygyň uly ähmiýete eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu günki-gün agzybir halkymyz dana şahyryň pähim-paýhasa, watançylyga ýugrulan goşgularynda beýan edilen belent arzuwlarynyň hasyl bolýan günlerinde ýaşaýar. Her bir halkyň dünýä medeniýetine goşan goşandy onuň maddy we ruhy gymmatlyklary bilen kesgitlenilýär. Türkmen halky hem asyrlaryň dowamynda umumadamzat bähbitli, naýbaşy gymmatlyklary döreden halkdyr. “MEDENIÝET – HALKYŇ RUHY BAÝLYGYDYR” atly edebi-sazly wagyz-nesihat baýramçylyk çäresinde çykyş eden mugallymlaryň ýurdumyzyň täsin galdyrýan we seýrek duşýan medeni-taryhy ýadygärlikleriniň, muzeýleriniň, türkmen halkynyň baý maddy we ruhy gymmatlyklarynyň ýaş nesilleri watansöýüjiligiň belent ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak hazynadygy barasyndaky çykyşlary öz täsirliligi bilen tapawutlandy. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilen atly edebi-sazly wagyz-nesihat baýramçylyk çäresi, Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parasatly syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladasynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Gülşirin Agaýewa

“Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy” kafedrasynyň mugallymy

neutrality.gov.tm

Похожие новости

Наши партнеры

Цифровые системы

Правила использования данныхПолитика конфиденциальности
Контакт

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Наш адрес

744000, Туркменистан, город Ашхабад, этрап Бактыярлык, проспект Магтымкули, дом 136

Инновационный информационный центр. Все права защищены. 2024