Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Централизованные услуги и информационный портал Инновационного информационного центра Министерства образования Туркменистана
slogan
Централизованные услуги и информационный портал Инновационного информационного центра Министерства образования Туркменистана
О нас
Новости
Статьи
Изображения
Видео
Конкурсы - олимпиады
Войти

Новости

Sanly bilim

TÄSIRLI GEÇEN BÄSLEŞIK

13.06.2025

28

TÄSIRLI GEÇEN BÄSLEŞIK

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda ýurdumyzda giňden bellenip geçilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “MAGTYMGULY – DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY” atly kitabynyň mazmunyna bagyşlap ylmy-döredijilik bäsleşigi geçirildi.

Ýokary okuw mekdebiň professor-mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen ylmy-döredijilik bäsleşiginde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynda beýan edilýän parahatçylyk, bitaraplyk, dostluk, ynanyşmak pelsepeleri bilen bagly çuňňur manyly pähimleri talyplaryň çeper ýerine ýetirmeginde beýan edildi. Şeýle-de, ylmy-döredijilik bäsleşiginde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “MAGTYMGULY – DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY” atly kitabynyň mazmunyna bagyşlap parçalary çeper beýan etmekde talyp ýaşlar öz işjeňliklerini görkezdiler.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “MAGTYMGULY – DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY” atly kitabynyň mazmunyna bagyşlanyp geçirilen ylmy-döredijilik bäsleşigi, jemgyýetde ýaşlara kitap okamagy endik hökmünde kabul etdirmekde we bilimi ösdürmekde örän täsirli gural bolup, talyplar üçin täsirli tejribe bolmak bilen, olaryň şahsy ösüşine-de uly goşant goşýar. Şeýle bäsleşikler ýaşlaryň kitaba bolan höwesini artdyrmak, okamak ukyplaryny ösdürmek, bilim derejesini ýokarlandyrmak, dünýä akyl ýetirmek, ýaşlary milli ruhda terbiýelemek hem-de döredijilik bilen meşgul bolýan ýaşlaryň ukyp başarnyklaryny artdyrmak ýaly wezipeleri öz içine alýar.

Bäsleşikde talyp ýaşlaryň ähli şertler boýunça ýerine ýetiren sahna ussatlyklary, çykyşlary boýunça taýýarlan slaýdlary hem-de türkmen edebiýatynyň hem-de dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň eserlerinden ýerine ýetiren parçalary öz täsirliligi bilen tapawutlanyp, emin agzalary tarapyndan oňyn bahalandyryldy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz Watanymyzyň dünýädäki abraýyny, mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek bagtyýar ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli, döredijilikli we ruhy taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri ugrundaky amala aşyrylýan beýik işleriň beýany bäsleşige gatnaşyjylarda uly buýsanç döretdi.

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “MAGTYMGULY – DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY” atly kitabynyň mazmunyna bagyşlap ylmy-döredijilik bäsleşigi Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parasatly syýasatynyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy hakyndaky aladasynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, şeýle döwletli tutumlaryň başynda duran halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ylym bölümi

neutrality.gov.tm

Похожие новости

Наши партнеры

Цифровые системы

Правила использования данныхПолитика конфиденциальности
Контакт

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Наш адрес

744000, Туркменистан, город Ашхабад, этрап Бактыярлык, проспект Магтымкули, дом 136

Инновационный информационный центр. Все права защищены. 2024