
Новости
474

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň gurnamagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçiriljek «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly breýn-ring bäsleşigini geçirmegiň
DÜZGÜNNAMASY
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä ýüzünde ählumumy abadançylygy gazanmak ugrunda durmuşa geçirýän beýik işlerini, öňe sürýän oňyn başlangyçlaryny, hemişelik Bitaraplygymyzyň halkara giňişlikdäki möhüm ornuny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly breýn-ring bäsleşigini guramak we geçirmek boýunça Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.
I. Bäsleşigiň maksady
1.1. Halkymyzyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyksöýüjilik, ynsanperwerlik ýaly asylly däplerinden gözbaş alýan hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýetini açyp görkezmek, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak;
1.2. Ýokary okuw mekdepleriniň arasynda bilim ulgamynda ýola goýlan gatnaşyklary has-da ösdürmek hem-de talyp ýaşlary kämilleşdirmek.
II. Bäsleşigiň geçiş tertibi
2.1. Bäsleşigiň guramaçylary bolup Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti çykyş edýär;
2.2. Bäsleşigiň soraglary we guramaçylyk işleri Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň mugallymlaryndan ybarat bolan topar tarapyndan kesgitleniler;
2.3. Bäsleşik 2025-nji ýylyň 1-nji noýabryndan 1-nji dekabry aralygynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň binalar toplumynda geçiriler;
2.4. Bu bäsleşige her ýokary okuw mekdebinden 6 sany esasy, 2 sany ätiýaçdaky talypdan hem-de jogapkär mugallymdan ybarat bolan toparlar gatnaşar. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän ýokary okuw mekdepleri özüniň gatnaşyjy topar düzümleriniň şahsy maglumatlaryny şu hata goşunda laýyklykda, 2025-nji ýylyň 27-nji oktýabryna çenli hstu2025@gmail.com elektron salgysyna ugratmaly (Goşundy);
2.5. Breýn-ring bäsleşigi türkmen dilinde sorag-jogap görnüşinde bolar. Soraglar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri esasynda taýýarlanylar. Şeýle-de, bäsleşigiň dowamynda umumy we logiki sowallar berler;
2.6. Bäsleşigiň tapgyrlary alyp baryjy tarapyndan berlen soraglara kesgitlenen wagtyň dowamynda jogap bermek arkaly geçiriler. (Her soraga 1 minut wagt berilýär);
2.7. Bäsleşigiň netijeleri emin agzalarynyň gelen kararlary esasynda jemlener.
III. Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemegiň tertibi
3.1. Bäsleşigiň ýeňijilerini Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň eminler topary tarapyndan kesgitlener.
3.2. Bäsleşigiň ýeňijileri I, II we III orunlar bilen yglan ediler. Ýeňijiler Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň degişli diplomlary we hemaýatkärleriň sowgatlary bilen sylaglanar.
Habarlaşmak üçin:
Telefon belgi: +99365676678, (hstu2025@gmail.com).
744000, Туркменистан, город Ашхабад, этрап Бактыярлык, проспект Магтымкули, дом 136
© 2025 Министерство образования Туркменистана Инновационный информационный центр. Все права защищены.