
Новости
403

Gazagystanyň Astana şäherinde ýerleşýän Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň Bilim Ýokary mekdebiniň nemes-iňlis dili hünärinde bilim alýan türkmenistanly talyp Hemra Parrykow Gazagystan Respublikasynyň «Bilim-Orikenti» Milli innowasiýa we ylmy-barlag merkeziniň geçiren «Türki halklaryň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşiginde ýeňiji boldy. Oňa bäsleşigiň I derejeli diplomy, «Türki halkaryň iň gowy talyby» atly medal we «Türki halkaryň iň gowy talybyna» berilýän kubok gowşuryldy.
Ýeri gelende bellesek, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynda doglan Hemra üçin bu ilkinji üstünlik däldir. Ol mundan ozal 2023-nji ýylyň dekabr aýynda Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň daşary ýurtly talyplarynyň arasynda geçirilen «Kultegin» adyndaky talyp hakyny ugrundaky bäsleşikde ýeňiji bolupdy. Şeýle-de Hemra Parrykow 2025-nji ýylyň mart aýynda Gazagystan Respublikasynyň «Bilim-Orikenti» Milli innowasiýa we ylmy-barlag merkeziniň geçiren bäsleşiginde ýeňiji bolup, «Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby» diýen I derejeli diploma, medala we ýörite kuboga, 2025-nji ýylyň sentýabrynda Özbegistanyň «SCIENTIFICACADEMY» Milli ylym we bilim merkeziniň guran halkara ylmy-amaly konferensiýasynyň çäginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy derejesindäki bäsleşige gatnaşyp, «Milli iftihor» («Milli buýsanç») medalyna, ýörite şahadatnama we ýadygärlik nyşanyna mynasyp bolýar.
744000, Туркменистан, город Ашхабад, этрап Бактыярлык, проспект Магтымкули, дом 136
© 2025 Министерство образования Туркменистана Инновационный информационный центр. Все права защищены.