
Новости
168

Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde türkmen milli manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygyna bagyşlanyp “Milli manadym-buýsanjym” atly dabaraly çäre geçirildi. Çäräniň dowamynda türkmen milli manadynyň waspyny ýetirýän goşgydyr-aýdymlar öz beýanyny tapdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli, parasatly syýasaty bilen 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda türkmen manadynyň denominasiýasy, ýagny onuň hümmetiniň üýtgedilmegi netijesinde milli pul birligimiziň hümmeti güýçlenendigi, töleg dolanyşygy ýeňilleşendigi dogrusynda birnäçe çykyşlar diňlenildi. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözleri beýan etdiler.
Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi
744000, Туркменистан, город Ашхабад, этрап Бактыярлык, проспект Магтымкули, дом 136
© 2025 Министерство образования Туркменистана Инновационный информационный центр. Все права защищены.