
Новости
292

Şu ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginde 2026-njy ýylyň aprel aýynyň 15–23-nji aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň guramagynda 60-njy Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasynda ýeňiş gazanan türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň gazanan uly ýeňşini dabaralandyrmak çäresi geçirildi. Bu olimpiada dünýäniň 37 döwletinden (Russiýa Federasiýasy, Hytaý Halk Respublikasy, Wýetnam Sosialistik Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Ysraýyl Döwleti, Wengriýa, Özbegistan Respublikasy, Belarus Respublikasy, Türkmenistan, Türkiýe Respublikasy, Mongoliýa, Azerbaýjan Respublikasy, Braziliýa Federatiw Respublikasy, Saud Arabystany Patyşalygy, Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasy, Kuba Respublikasy, Demirgazyk Makedoniýa Respublikasy, Ýaponiýa, Ermenistan Respublikasy, Bangladeş Halk Respublikasy, Botswana Respublikasy, Çad Respublikasy, Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasy, Iordaniýa Haşemit Patyşalygy, Gonduras Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Kamerun Respublikasy, Kosta Rika Respublikasy, Keniýa Respublikasy, Liwan Respublikasy, Müsür Arap Respublikasy, Nigeriýa Demokratik Respublikasy, Täjigistan Respublikasy, Taýland Patyşalygy, Tunis Respublikasy, Uganda Respublikasy, Yrak Respublikasy) mekdep okuwçylarynyň 160-sy, ýurdumyzdan Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyndan 4-si gatnaşdy.
Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasynda okuwçylar nazary bilimler we tejribe işlerini geçirmek boýunça ýaryşdylar. Bu abraýly olimpiadada okuwçylaryň 101-si ýeňiş gazandy. Olar 19 döwletden gelenlerdir. Ýurdumyzyň zehinli ýaşlary olimpiadada üstünlikli çykyş etdiler.
Halkara Mendeleýew himiýa bäsleşiginiň jemi boýunça, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 12-nji synp okuwçylary Rüstem Jumaýew hem-de Diýar Döwletow kümüş, Aýlar Orunowa hem-de 11-nji synp okuwçysy Pälwan Ilmämmedow bürünç medallarynyň eýesi boldy. Munuň özi ýurdumyzyň toparynyň jemi sylaglananlaryň arasynda 9-njy orna düşendigini görkezýär.
Ýeňijileriň sylaglanyşyk dabarasynda Rüstem Jumaýew, Diýar Döwletow, Pälwan Ilmämmedow ýaly ýaşlarymyzyň 2025-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda dünýä derejesindäki abraýly sport ýaryşynda hem baýrakly orunlara mynasyp bolandygy guwançly bellenildi. Olara halypaçylyk eden mugallymlar, tälimçiler hem hormatly Prezidentimiziň elinden gymmat bahaly Şa sowgatlaryny alanlardyr.
Türkmenistanyň Bilim ministri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň adyndan olimpiadanyň ýeňijilerine gymmat bahaly sowgatlary gowşurdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary we yzygiderli aladalary bilen hemmetaraplaýyn bilimli, giň dünýägaraýyşly, intellektual, ruhy taýdan ösen, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde, olaryň halkara ders olimpiadalaryna işjeň gatnaşyp, Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny “Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda-da belende galdyryljakdyklaryna bildiren belent ynamyna abraý bilen hötde geljekdiklerine, mertebesini ýokary galdyrýandyklaryna ynam bildirýäris. Ýeňiji bolan okuwçylara öňde möhüm synag – 10-19-njy iýulda Özbegistana geçiriljek Bütindünýä himiýa olimpiadasynda ýurdumyza wekilçilik etmek jogapkärçiligi garaşýar.
“Bilim” žurnaly