Портал централизованных услуг и информации
Инновационно-информационного центра
Министерства образования Туркменистана
Портал централизованных услуг и информации
Инновационно-информационного центра
Министерства образования Туркменистана

Независимый Нейтральный Туркменистан
родина целеустремлённых крылатых скакунов

Портал централизованных услуг и информации Инновационно-информационного центра Министерства образования Туркменистана
Главная
О нас
Новости
Статьи
Изображения
Видео
Конкурсы - олимпиады

tk
tk
ru
ru
en
en
Войти
tk
ru
en

Новости

Инновационный информационный центр

Sport mekdep-internatlarynyň okuwçylarynyň arasynda ýol hereketiniň kadalary boýunça test barlaglary geçirildi

12.09.2026

44

Sport mekdep-internatlarynyň okuwçylarynyň arasynda ýol hereketiniň kadalary boýunça test barlaglary geçirildi

Indi ýurdumyzda her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň dowamynda ýurdumyzyň her bir künjeginde çäreleriň, maslahatlaryň geçirilmegi ýol hereketiniň düzgünleri, pyýadalaryň we sürüjileriň wezipeleri barada gürrüň edilmegi ýaş nesiller üçin uly terbiýe mekdebine öwrülýär.

Şeýle maksatlardan ugur alnyp, sentýabr aýynyň 7-12-si aralygynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Olimp orta sport mekdebinde "Ýol hereketiniň kadalaryny bilýärin" atly tema boýunça sport mekdep-internatlarynyň okuwçylaryna test barlaglary geçirildi.

Onuň dowamynda mugallymlar tarapyndan okuwçylar üçin dürli sowallar taýýarlanylyp onuň esasynda okuwçylaryň Ýol hereketiniň kadalary babatdaky bilimleri we düşünjeleri barlanyldy. Şeýle çäreleriň geçirilmegi ýaşlaryň bu ugurdaky bilimleriniň artmagyna itergi berýär.

Mälim bolşy ýaly, be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn nes­li ter­bi­ýe­le­mek Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry hem-de mö­hüm we­zi­pe­le­ri bo­lup dur­ýar.

Bu biraýlygyň maksady hem raýatlaryň esasan hem ýaşlaryň ýol hereketiniň düzgünleri baradaly bilimlerini artdyrmak, düzgün bozmalaryň öňüni almak we ýol hereketine gatnaşyjylaryň ählisine hormatly gatnaşyklary kemala getirmekden ybaratdyr.

Bir aýyň dowamynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde – umumy sapaklar, seminarlar, oýunlar, bäsleşikler, sergiler guralýar. Çagalar hem ýetginjekler bilen işlemäge aýratyn üns berilýär. Guralýan bir aýlyk çärelerine ýol gözegçilik gullugynyň hem-de lukmançylyk edaralarynyň işgärleri hem işjeň gatnaşýarlar.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylynyň her bir güni Watanymyz üçin taryhy ähmiýetli wakalara, baýramlara, ýeňişlere beslenýär. Şunda demokratik ýörelgeleriň pugtalandyrylmagyna, adam hukuklarynyň goralmagyna, raýat jemgyýetiniň hemmetaraplaýyn kämilleşdirilmegine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Enejan HUDAÝBERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport

baradaky döwlet komitetiniň “Olimp”

orta sport mekdebiniň rus dili mugallymy

Похожие новости

Наши партнеры

Цифровые системы

Правила использования данныхПолитика конфиденциальности
Контакт

Наш адрес