Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Централизованные услуги и информационный портал Инновационного информационного центра Министерства образования Туркменистана
slogan
Централизованные услуги и информационный портал Инновационного информационного центра Министерства образования Туркменистана
О нас
Новости
Статьи
Изображения
Видео
Конкурсы - олимпиады
Войти

Новости

Министерство образования Туркменистана

MILLI ELEKTRON SENAGATY: «Bilimli» noutbuklar — körpelere ajaýyp sowgat

24.08.2024

472

MILLI ELEKTRON SENAGATY: «Bilimli» noutbuklar — körpelere ajaýyp sowgat

Ýurdumyzda her ýylyň senýabr aýynda ak mekdebe ilkinji gezek gadam goýup, 1-nji synpa okuwa barýan bagtyýar körpelere hormatly Prezidentimiziň adyndan noutbuk kompýuterleriň sowgat berilmegi indi ajaýyp däbe öwrüldi. Milli Liderimiziň beýik başlangyçlary bilen ýola goýlan şeýle asylly işleri, giň gerimli bilim özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz islendik döwletiň we jemgyýetiň durnukly hem-de sazlaşykly ösmeginiň ylym bilen aýrylmaz baglydygyny nygtaýar. Şunda ykbaly ýazylmadyk ak kagyza meňzeýän, bilimler dünýäsiniň bir gyrasyndan ýaňy ilkinji ädimleri ädýän bagtyýar çagalaryň her birine noutbuk kompýuterleriň sowgat hökmünde gowşurylmagy ýaş nesliň kiçilikden döwrebap düşünjeli, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan adamlar bolup ýetişmegi babatda örän uly ähmiýete eýedir. Taryhy wakalara beslenýän «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem bu ugurda netijeli işler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 23-nji martynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligine öz ýurdumyzda öndürilende degişli mukdardaky noutbuk kompýuterlerini satyn almak, 1-nji awgusta çenli bilim edaralarynda gurnamak hem-de olara tehniki taýdan hyzmat etmek barada «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy, şeýle-de «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Şondan bäri geçen döwrüň dowamynda bu ugurda depginli işler alnyp barlyp, degişli wezipeler doly ýerine ýetirildi. Döwür bilen aýakdaş gitmegi maksat edinip, döwrebaplyga we täzeçillige, ylmyň gazananlaryna esaslanýan şeýle işleriň milli hünärmenlerimiz tarapyndan ýerine ýetirilýändigi hem-de uly üstünliklere beslenýändigi örän guwandyryjydyr.

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň bilelikdäki «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň agzybir işçi-hünärmenleri öňde goýlan wezipäni abraý bilen berjaý etmek üçin, bada-bat tutumly işlere girişdiler. Olar baglaşylan şertnama boýunça önümçilik işlerini eýýäm tomsuň ortaky aýynda tamamlap, şu ýyl 1-nji synpa okuwa barýan çagalara Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan sowgat beriljek 155 müň 641 sany «Bilimli» haryt nyşanly noutbuk kompýuterleriň ýarysyny — 77 müň 821-sini taýýarladylar. Birinji synpa okuwa gitjek çagalara berilýän noutbuklaryň galan ýarsyny bolsa «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhana taýýarlady.

“Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýurdumyzyň Balkan, Daşoguz, Lebap welaýatlary boýunça üpjünçilik işleri doly ýerine ýetirildi. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 9-njy dekabryndaky degişli Karary esasynda, Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň çäginde gurulýan 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumy bilim berýän orta mekdebiň açylyş dabarasy mynasybetli, bu ýerde 1-nji synpa okuwa barjak körpelere Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna, hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň adyndan sowgat hökmünde gowşurmak üçin «Bilimli» haryt nyşanly milli noutbuk kompýuterleriň 100-si «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti tarapyndan öndürilip, üpjünçilik işleri üstünlikli amala aşyryldy.

Ýeri gelende bellesek, Milli Liderimiziň başyny başlan beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýän döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti, elektron senagaty ösdürmek babatda ýaýbaňlandyrylan özgertmelere Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň bilelikdäki «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti mynasyp goşant goşýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde, bu hojalyk jemgyýeti tarapyndan LED lampalaryň we daşky yşyklandyryjy çyralaryň, dürli telewizorlaryň, monobloklaryň, planşetleriň, noutbuk kompýuterleriň, split sowadyjylaryň, suw paýlaýjy dispanser ulgamynyň, routerleriň, smartfonlaryň, ykjam telefonlaryň önümçilik işlerinde netijeli alnyp barylýar. «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti öz önümçiliginiň görnüşlerini yzygiderli artdyrmak bilen, täze, dürli görnüşli ýolyşyklaryň we ýol belgileriniň, bankomatlar üçin ýörite niýetlenen termo kagyzlaryň önümçiligini hem üstünlikli ýola goýdy. Geljekde bolsa bankomatlaryň önümçiliginide ýola goýmak meýilleşdirilýär. Bu giň gerimli işler hormatly Prezidentimiziň bu ugurda öňde goýan belent wezipeleriniň üstünlikli berjaý edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Döwür bilen deň gadam urýan ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmaga hem-de elektron senagaty ösdürmäge mynasyp goşant goşýan kärhanalaryň biri-de Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tilsimaty merkeziniň «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasydyr. Ol ýurdumyzda innowasion kompýuter enjamlarynyň önümçiligini ýola goýan ilkinji kärhanalaryň biri bolup, 2018-nji ýylda Milli Liderimiziň ak pata bermegi bilen işe başlady. Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, bu kärhana hem 2024-2025-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa barýan çagalara sowgat beriljek «Bilimli» haryt nyşanly noutbuk kompýuterleriň 77 müň 820-sini öz wagtynda öndürip, üpjünçilik işlerini doly ýerine ýetirdi. Kärhana tarapyndan öndürilen degişli möçberdäki «Bilimli» noutbuk kompýuterleri Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda 1-nji synpa okuwa barjak körpelere hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgat hökmünde gowşurylar. «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy eýýäm iýul aýynyň soňky on günlüginde ýurdumyzyň agzalan sebitleriniň bilim edaralaryny degişli möçberdäki kompýuterler bilen doly üpjün etdi.

Kärhananyň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, olaryň önümçiligine degişli «Bilimli» noutbuk kompýuterleri geçen ýyllardakydan tapawutlanýar. Bu ýylky önümçilikde okuwçy kompýuteriniň umumy ýady 128 Gb, operatiw ýady bolsa 4 Gb-e çenli köpeldildi. Şeýle-de onuň batareýasynyň 5000 mA 3.7V Lithium-ion polimer, elektrik tok üpjünçiliginiň häzirki zaman standartlaryna gabat gelýän Micro USB, USB type-C zarýad beriji enjamy we täze görnüşli köpugurly sensor paneli ornaşdyryldy. Sensor paneliniň aýratynlygy barada aýdylanda, onuň özünde san şekilleri ýerleşdirilip, bu kalkulýator guralyny işletmezden peýdalanmaga mümkinçilik berýär. «Bilimli» noutbuklaryň programma üpjünçiligi babatda hem täzelikler bar. Bu kompýuterleriň ozalky görnüşlerinde çagalara oýun arkaly sanamagy we ýazmagy öwredýän programmalar ornaşdyrylan bolsa, täze görnüşinde bularyň üstüne körpelere ýol hereketiniň howpsuzlyk kadalaryny ündeýän oýun görnüşindäki programma hem goşuldy. Bu programmalaryň «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasynyň öz hünärmenleri tarapyndan işlenip düzülendigi aýratyn bellärliklidir.

— Döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, bu babatda bildirilen belent ynamy ödemek üçin, ýurdumyzyň elektron senagatynda öňde baryjy kärhanalaryň biri bolan «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy tarapyndan şu ýyl hem 1-nji synpa okuwa barýan çagalara sowgat beriljek noutbuk kompýuterleriň önümçilik işleri güýçli depginde alnyp baryldy we bellenilen möhletde doly ýerine ýetirildi. Ilkinji nobatda, bu kompýuterleriň nusgalarynyň taýýarlanylyp, olaryň tehniki häsiýetnamalarynyň degişli ministrlikler tarapyndan seljerilendigini we hil standartlary baradaky kepilnamalaryň alnandygyny bellemek gerek.

Kärhanada öz işine ökde hünärmenler yhlas we tutan ýerlilik bilen zähmet çekýärler. Ýaş hem gujurly inženerlerimiz daşary ýurt kompaniýalarynyň hünärmenleri bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly, özleriniň tejribelerini barha baýlaşdyrýarlar. Kärhanamyzyň agzybir hünärmenler düzümi dünýäniň öňdebaryjy ugurdaş kompaniýalarynda hünärde rejelerini kämilleşdirýärler, «Microsoft» we «Intel» ýaly dünýä meşhur kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň netijesinde, olar bilen bilelikde guralýan okuw maslahatlaryna gatnaşýarlar. Agzybir işgärlerimiz, tejribeli hünärmenlerimiz bilen, özümize bildirilýän belent ynamy ödemek, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşandymyzy goşmak ugrunda mundan beýläkde döredijilikli gözleglerimizi dowam etdireris. Bize bu ugurda ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize we Milli Liderimize alkyşlarymyz egsilmezdir — diýip, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Kompýuter tilsimaty merkeziniň «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasynyň esaslandyryjysy Hanmämmet Mollakow aýdýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň edara kärhanalarynda, bilim ojaklarynda «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasynyň öndürýän kompýuterleri giňden peýdalanylýar. Kärhana bilen tanyşlygyň barşynda gürrüň bermeklerine görä, onuň hünärmenleri bazaryň islegini öwrenip, diňe bir kompýuterleri däl-de, beýleki tehnologik enjamlarydyr gurluşlary hem öndürýärler. Bu ýerde kompýuterler bilen bir hatarda, tor enjamlary — köp portly, gigabitli optiki kommutatorlar, şeýle-de söwda torunyň awtomatlaşdyrylmasy üçin programma we tehniki ulgamlar, ýagny kassa enjamlary, POS - terminallary, çekleri çap ediji gurluşlar, pul gutulary, ştrih kodlary skanirleýjiler we ştrih kodlary çap ediji gurluşlar hem öndürilýär. Kärhana döwrüň zerurlyklaryny we geljegi uly ugurlary gözöňünde tutup, hemişe önümleriň täze görnüşlerini öndürmäge ymtylýar. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem, bilim ulgamynda peýdalanylýan interaktiw panelleriň, ulgamyň hünärmenleri bilen bilelikde taýýarlanylýan, ýokary okuw mekdepleri üçin niýetlenilen elektron gollanmalaryň, şeýle hem şu ugurda barha kämilleşdirilýän kompýuter önümçiligi bu kärhananyň esasy taslamalarynyň hataryndadyr. «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy kompýuter tehnikalaryna we ugurdaş gurluşlara hyzmat etmekde-de netijeli işleri alyp barýar.

"Türkmenistan"

24.08.2024ý. №214


neutrality.gov.tm

Похожие новости

Наши партнеры

Цифровые системы

Правила использования данныхПолитика конфиденциальности
Контакт

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Наш адрес

744000, Туркменистан, город Ашхабад, этрап Бактыярлык, проспект Магтымкули, дом 136

Инновационный информационный центр. Все права защищены. 2024