Türkmen mugallymy Hirosimada tizlendiriji tehnologiýalary öwrenýär
Oguzhan adyndaky Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň kiberfiziki ulgamlar kafedrasynyň mugallymy Nurjemal Baýramowa Ýaponiýada şöhle desseleriniň dinamikasy we tizlendiriji tehnikasy boýunça IX Halkara okuw maksatnamasyna (ISBA2026) gatnaşýar.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, bu okuw maksatnamasy Hirosima uniwersiteti tarapyndan 19–28-nji oktýabr aralygynda geçirilýär.
Hirosima uniwersitetiniň öňdebaryjy professorlarynyň ýolbaşçylygynda geçirilýän ýöriteleşdirilen leksiýalarda gatnaşyjylar bu pudagyň esasy nazary düşünjeleri bilen tanyşýarlar, tizlendiriji tehnologiýalaryň iş ýörelgeleri we aýratynlyklary baradaky bilimlerini çuňlaşdyrýarlar.
Maksatnamanyň medeni bölüminde gatnaşyjylar üçin Hirosimanyň taryhy ýerlerine we gözel künjeklerine gezelençler guralýar. Bu bolsa olara şäheriň taryhy, özboluşly aýratynlyklary hem-de ýerli ilatyň milli däp-dessurlary bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär.



















