Sanly ykdysadyýet boýunça onlaýn bäsleşikde talyp ýaşlarymyzyň ýokary üstünligi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamy täze belentliklere göterilýär. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň intellektual başarnyklaryny ösdürmek we sanly ykdysadyýeti kämilleşdirmek baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmen döwlet maliýe institutynda ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Sanly ykdysadyýet» dersi boýunça onlaýn ylmy bäsleşik guraldy.
2026/2027-nji okuw ýylynyň meýilnamasyna laýyklykda, «Sanly ykdysadyýet» dersi boýunça guralan bu bäsleşige aşakdaky okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar:
- Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebi;
- Söwda - kooperatiw mekdebi;
- Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi.
Bäsleşik talyplaryň sanly tehnologiýalar ugrundan nazary bilimlerini we amaly başarnyklaryny synamakda uly ähmiýete eýe boldy. Biziň mekdebimizden 2-nji ýyl talyplaryndan Abdyrahmanowa Gülaýym, Hangeldiýewa Ülker, Ahmedow Hezretguly, Nurberdiýewa Nartäç, Dinmämmedowa Laçyn we Toýliýewa Ogulşirin, 3-nji ýyl talyplaryndan bolsa Saparow Döwlet, Öwezgeldiýewa Aýjahan, Ataýewa Abadan we Gurdowa Selbi gatnaşdylar.
Bäsleşigiň netijesinde, I orna Saparow Döwlet, II orna Ahmedow Hezretaly we Gurdowa Selbi, III orna bolsa Ataýewa Abadan, Öwezgeldiýewa Aýjahan we Hangeldiýewa Ülker mynasyp boldy. Talyplary onlaýn bäsleşige taýýarlan mugallym: Berdiýewa Oguljennet Hakberdiýewna.
Ýokary taýýarlyk görkezip, mekdebimiziň abraýyny belende göteren ähli talyplarymyza we olary bäsleşige taýýarlan mugallyma sagbolsun aýtmak bilen, okuwlarynda hem-de ylmy-döredijilik işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýäris!



















