Balkan welaýatynda öňdebaryjy bilim işgärleriniň döwlet derejesinde usuly-amaly maslahaty geçirildi
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmäge gönükdirilen özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň irki ýaşdan başlap beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösüp kemala gelmegi, döwrebap bilim we terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakyndaky Permanlaryndan, Kararlaryndan, “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işine ornaşdyrmak, şeýle-de çagalara ýokary hilli bilim-terbiýe bermekde we olary başlangyç bilimiň bilim maksatnamasyny özleşdirmäge taýýarlamakda oňyn netijeleri gazanmakda bilim işgärleriniň bilim derejelerini, hünär ussatlyklaryny yzygiderli kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýylyk iş meýilnamasyboýunça ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň öňdebaryjy bilim işgärleriniň gatnaşmaklarynda 2026-njy ýylyň 27-nji noýabrynda “Çagalarda tebigat, daşky gurşaw, klimatyň üýtgemegi, tebigy hadysalar bilen bagly düşünjeleri kemala getirmekde öňdebaryjy iş tejribeleri çagalar baglarynyň işine netijeli ornaşdyrmak” atly döwlet derejesindäki usuly-amaly maslahaty Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň iňlis dili ugry boýunça ýöriteleşdirilen 25-nji çagalar bakja-bagynda guramaçylykly geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçen usuly-amaly maslahatda Balkan welaýatynyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim işgärleriniň iş tejribesi öwrenildi. Körpejeleriň aýdym-sazly çykyşlary, öňdebaryjy bilim işgärleriniň guran sergileri usuly-amaly maslahatyň bezegi boldy. Balkan welaýatynyň bilim işgärleriniň ýokary derejede geçiren açyk görelde sapaklarynda mekdebe çenli çagalar edaralarynda klimatyň üýtgemegi barada düşünje bermek çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda, çylşyrymly ylmy adalgalardan gaça durup, tebigata bolan söýgini we aýawly garamak endiklerini sada, çaga mahsus bolan bilim-terbiýe bermek işiniň aýratynlyklary görkezildi. Döwlet derejesinde geçirilen maslahatda ýurdumyzyň öňdebaryjy bilim işgärleri klimaty goramak üçin uly işleriň kiçi ädimlerden başlanýandygy, ýaş nesilde tebigata söýgi döretmek, çagalarda ekologiýa medeniýetini ösdürmek, tebigata aýawly garamak, Türkmenistan döwletimiziň daşky gurşawyny goramak, bag ekmek we ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, çagalarda irki ýaşdan başlap zähmete söýgi döretmek, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek ýaly wajyp terbiýäni bermek barada täsirli çykyş etdiler.
Maslahatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe işlemäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, mähriban halkymyzyň abadan, parahat we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan beýik işleri üçin Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk we alkyş sözleri aýdyldy.
Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli bilim-terbiýe,
mekdepden daşary edaralary bölüminiň hünärmeni Gunça Temimowa



















